Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Ýaponiýada gyzan reaktorlary sowatmak üçin uly tagalla edilýär


Ýaponiýa “Fukusimo Daiçi” atom stansiýasyndaky reaktorlary sowatmak ugrundaky tagallalaryny artdyrýar.

Harby wertolýotlar we polisiýanyň suw serpijeleri tonnalarça mukdardaky suwy gyzan atom stansiýasyna guýýarlar.

Atom stansiýanyň işgärleri reaktorlaryň sowadyjy ulgamlaryny işletmäge synanyşýarlar.

Radiasiýanyň ýaýramak howpy sebäpli, dünýäniň ençeme ýurtlary öz raýatlaryny Ýaponiýany terk etmäge çagyrýar.

Ýapon polisiýasynyň berýän maglumatyna görä, geçen hepdäniň anna güni bolan ýer yranma we sunnami sebäpli ölenleriň we ýitenleriň resmi sany 14,500 töweregi bolupdyr.
XS
SM
MD
LG