Sepleriň elýeterliligi

Boksçy Muhammed Aly Eýranyň häkimiýetlerine çagyryş etdi


Ady rowaýata öwrülen boksçy, Amerikanyň iň meşhur musulmanlarynyň biri Muhammed Aly Eýranyň ýokary Ruhany liderine tussaglykda saklanýan iki amerikan raýatyny azatlyga goýbermäge çagyryş etdi.

Eýranda tussaglykda saklanýan şol iki amerikan raýaty 2009-njy ýylyň iýulynda içalyçylykda aýyplanyp tussag edilipdi.

Şeýn Bauer we Joş Fattal Eýranyň Yrak bilen serhedinde tussag edilipdiler. Tussaglaryň aýtmagyna görä, olar serhetden ýalňyşlyk bilen geçipdirler.

Tussag edilen üçünji amerikan raýaty Sarah Şourd geçen ýylyň sentýabrynda, 500,000 dolar möçberinde girewine pul goýlandan soňra, azatlyga goýberlipdi.
XS
SM
MD
LG