Sepleriň elýeterliligi

Ženewa: Türkmenistandaky adam hukuklary gün tertibinde


BMG-niň Ženewadaky merkezinde, 28-nji fewral, 2011-nji ýyl.

BMG-niň Ženewadaky merkezinde, 28-nji fewral, 2011-nji ýyl.

Ženewada adam hukuklary we demokratiýa boýunça sammit geçirilýär. Öz işine sişenbe güni başlan bu sammite 500 töweregi adam gatnaşýar.

Sammitiň ilkinji gününde Demirgazyk Afrika döwletlerinde, Kubada, Demirgazyk Koreýada, Hytaýda, Eýranda we Türkmenistanda ýüz berýän ýagdaýlar barada maslahat edildi.

Bu sammitde adam hukuklary boýunça "Türkmen inisiatiwasy" toparynyň ýolbaşçysy Farid Tuhbatullin hem çykyş etdi. Ol hususan-da Türkmenistandaky adam hukuklarynyň bozulmalary barada gürrüň etdi.

Azatlyk Radiosyndan Guwanç Gere bu barada Farid Tuhbatullin bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Farid, 15-nji martda Ženewada açylan adam hukuklary we demokratiýa boýunça sammit barada maglumat beräýseňiz?

Farid Tuhbatullin
Tuhbatullin:
BMG-de koalisiýadan ybarat hökümete degişli bolmadyk gurama bar. Ol BMG-de resmi hasaba alnan iri jemgyýetçilik topar. Bu gurama eýýäm 3 ýyl bäri şeýle halkara sammiti gurnaýar we oňa dünýäniň dürli ýurtlaryndan adam hukuklary boýunça jemgyýetçilik toparlarynyň wekilleri çagyrylýar.

Sammit BMG-niň ýolbaşçylarynyň, onuň dürli komitetleriniň ýolbaşçylarynyň dünýäniň dürli ýurtlarynda adam hukuklarynyň bozulyşy bilen tanyşmagy üçin geçirilýär. Şu ýyl sammite 500 adam çagyryldy we olaryň 20-den gowragynyň çykyş etmäge mümkinçiligi boldy. Şonuň ýaly-da men hem Halkara koalisiýanyň sammitiniň ilkinji güni çykyş etdim.

Azatlyk Radiosy: Eýse, siz öz çykyşyňyzda nähili meseleler barada gürrüň etdiňiz?

Tuhbatullin: Men öz çykyşymda raýatlaryň suduň mejlisi bolmazdan tussag edilişi, saklanyşy we başga-da anyk mysallar barada gürrüň etdim. Şeýle-de men soňky döwürde Türkmenistanda adam hukuklarynyň bozulandygy bilen bagly ýörite press-reliz ýaýratdym. Şol sanda žurnalist Gurbansoltan Açylowanyň düşen ýagdaýy, meşhur aýdymçylar Maksat Kakabaýewiň, Myrat Öwezowyň tutulandygy, dindar Şirli Geldimyradowyň tussaglykda aradan çykandygy we başga ýagdaýlar barada gürrüň etdim. Bular barada meni diňlänler Türkmenistanda adam hukuklaryna hormat goýmakda, gynansak-da, ösüş ýok diýen netijä geldiler.

Azatlyk Radiosy: Farid, siz bu sammitiň dowamynda haýsy-da bolsa bir ýurduň ýa-da halkara guramalaryň wekilleri bilen duşuşdyňyzmy?

Tuhbatullin: Biz şu gün BMG-niň wekilleri, BMG-däki dürli delegasiýalar, şol sanda ABŞ-nyň delegasiýasy we onuň BMG-däki ilçisi bilen duşuşdyk. Şeýle-de biz BMG-niň adam hukuklary boýunça ýokary komissarlygyna bardyk we onuň çinownikleri bilen duşuşdyk. Biz olara Türkmenistanda adam hukuklarynyň ýagdaýy barada jikme-jik gürrüň berdik. Hut şol adamlar zerur bolan kararlary kabul edýärler ýa-da BMG-niň karar kabul edýän komitetlerine täsir edip bilýärler.

Azatlyk Radiosy: Eýse, olaryň Türkmenistanda adam hukuklaryna hormat goýluşynda ösüşler üçin haýsy-da bolsa bir plany barmy?

Tuhbatullin: Elbetde, häkimiýetlere täsir etmegiň dürli ýollary bar. BMG-niň Ýupiýar atly prosedurasy boýunça Türkmenistan iki ýyl mundan öň hasabat berdi. BMG bolsa türkmen hökümetiniň ýerine ýetirmegi üçin dürli teklipleri berdi. Türkmen hökümeti iki ýyldan soňra ýerine ýetirilen we ýetirilmedik rekomendasiýalar barada hasabat bermeli.

Men Türkmenistanyň meýletinlikde boýun alan borçnamalaryny, eýýäm iki ýylyň geçendigine garamazdan, ýerine ýetirmändigi barada mysallar getirdim. Elbetde, olar şeýle zatlary belläp aldylar. Şonuň ýaly-da, häzir biz BMG-niň gynamalar boýunça komiteti üçin alternatiw hasabat taýýarlaýarys. Biz şol dokumentleri BMG-niň degişli komitetlerine gowşurmakçy. Şunlukda olar bu maglumatlary Türkmenistanyň resmi wekilleri bilen duşuşyklarynda göz öňünde tutarlar. Meniň pikirimçe, olar biziň beren faktlarymyzy özlerine maglumat hökmünde aldylar we türkmen tarapy degişli sowallara jogap bermeli bolar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG