Sepleriň elýeterliligi

Ýaponiýada bolan waka dünýäni gorkuzdy


Ýaponiýadaky “Fukusimo – Daiçi” atom stansiýasy, 17-nji mart, 2011-nji ýyl.

Ýaponiýadaky “Fukusimo – Daiçi” atom stansiýasy, 17-nji mart, 2011-nji ýyl.

Ýaponiýada 11-nji martda bolan ýer titremesinde beýleki desgalar bilen birlikde käbir ýadro komplekslerine-de zyýan ýetdi. Ýadro stansiýalaryndan syzyp başlan radiasiýanyň bolsa adam saglygyna howp salýandygy mälim edildi.

Ýapon alymlary atom desgalaryndan çykan radiasiýanyň howpunyň 4-nji derejä ýetenligini aýdýarlar. Emma Fransiýanyň Ýadro agentligi şol derejäni 6 diýip kesgitleýär. Radiasiýanyň iň ýokary derejesi bolsa 7 bolup, şu güne çenli oňa diňe Çernobyl wakasynda şaýat bolnanlygy aýdylýar.

Ýaponiýanyň Ministrler Kabinetiniň baş sekretary Ýukio Edano çarşenbe güni eden çykyşynda bu derejäniň hem adam saglygyna zýyan ýetirjekdigi hakda hiç hili şübhäniň bolmaly däldigini aýtdy.

Häzirki döwürde problema ýüze çykan desgalaryň töwereginde ýerleşýän etraplaryň ýaşaýjylaryndan sebiti terk etmekleri haýyş edildi. Käbir daşary ýurtlar bolsa öz raýatlarynyň Ýaponiýany terk etmegini, iň bolmanda radiasiýa problemasy ýüze çykan etraplardan uzaklaşmagyny soradylar.

Germaniýa

Biblisdäki ýadro stansiýasynyň B blogy, Germaniýa.



Ýaponiýada bolan wakadan soňra, ýadro desgasyna eýe bolan käbir beýleki ýurtlar, şol sanda Germaniýa hem öz desgalaryna üns berip başlady. Germaniýanyň kansleri Angela Merkel bu barada Berlinde eden çykyşynda şeýle diýdi: “Ýaponiýada bolan wakadan soňra, biz öz ýadro desgalarymyzyň ählisinde barlag işlerini geçireris. Bu hakda federal we welaýat hökümetlerimiz ylalaşdylar. 1980-nji ýyllardan ozal gurlan desgalaryň hersi üç aý möhlet boýunça togtadylyp, olarda barlag işleri geçiriler”.

Ýaponiýa ýaly tehnologiýa taýdan ösen ýurtda ýadro kompleksleriniň şeýle kynçylyklara uçran häzirki döwründe, eýse mundan ençeme ýyl ozal gurlan we tehnologiýa taýdan döwrebaplygy şübhe astynda bolan regiondaky ýurtlaryň ýagdaýy nähili?

Ermenistan

“Metsamor" atom elektrik stansiýasy 1980-nji ýyllarda guruldy.



Bu temada ilki bolup göze ilýän atom desgalardan biri Ermenistanda ýerleşýän “Metsamordyr”. 1980-nji ýyllarda gurlan bu atom elektrik stansiýasy 1988-nji ýylda bolan güýçli ýer titremeden soňra ýapylypdy. Emma şol wakadan 7 ýyl soňra gaýtadan açylan bu desganyň diňe köneligi däl, ýerleşýän ýeri boýunça hem regiona uly howpdugy aýdylýar. Häzirki döwürde şol atom elektrik stansiýasy Ermenistany özüne gerek elektrik togunyň 40%-i bilen üpjün edýär.

Rumyniýa


Rumyniýadaky “Çernawoda” atom desgasynyň gurluşygy 1980-nji ýyllarda bir kanadaly kompaniýa tarapyndan başlanyp, 1996-njy ýylda tamamlanypdy.



Şeýle ýadro desgalarynyň biri hem Rumyniýada ýerleşýär. “Çernawoda” diýlip atlandyrylýan bu desganyň gurluşygy 1980-nji ýyllarda bir kanadaly kompaniýa tarapyndan başlanyp, 1996-njy ýylda tamamlanypdy. Ol Rumyniýa gerek bolan elektrik togunyň 1/5 bölegini öndürýär. Emma bu desga hem dürli kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz. Hatda şu ýylyň ýanwar aýynda resmiler şol stansiýanyň bir bölegini ýapmaga mejbur bolupdylar. Sebäbi, edil Ýaponiýadaky ýaly bolmasa-da, Rumyniýada-da ýer titreme howpy mydama gün tertibinde saklanýan meseleleriň biri. 1977-nji ýylda Wranseada bolan ýer titremäniň güýji 7,2 bala barabar bolup, şol wakada Bolgariýa we Rumyniýada azyndan 1,000 adam heläk bolupdy.

Türkiýe

Orsýet bilen Türkiýäniň arasynda hem atom elektrik desgasyny gurmak barada täze ylalaşyga gol goýuldy. Ylalaşyga görä, şol desga Türkiýede gurlar.

Türkiýe hem ýer titremeden yzygiderli ejir çekýän ýurtlardan biri. Eýse Ýaponiýada bolan wakadan soňra, şol desgalar gurulmalymy diýlen soraga Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew Türkiýä edýän saparynyň dowamynda penşenbe güni şeýle jogap berdi: “Bu ygtybarly bolup biler we ol ygtybarlydyr. Üns berilmeli esasy zat, ýadro desgasyny gurulmaly ýeriniň, şol proýekti gurjak adamlaryň we ony işletjek toparyň dogry kesgitlenmegidir. Eger şu zatlara üns berilse, ýadro desgasy ygtybarly, hatda adamlar üçin has köp peýdaly bolup biler”.
XS
SM
MD
LG