Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Welaýatmy ýa-da ülke?


Aşgabatly žurnalist Aşyrguly Baýryýew
Aşgabatly žurnalist Aşyrguly Baýryýew
Biziň mundan ýigrimi ýyl töweregi öň orta atan bu sowalymyzyň jogaby şonça wagtdan bäri düşnükli: WELAÝAT! Hawa, rus dilindäki oblast adalgasynyň deregine türkmençeleşdirdik diýlip, şu söz alyndy.

Ýöne bu adalga çalyşmasy häzirem maňa ynjalyk berenok. Şonuň üçin-de, şol wagtky Türkmenistan Ýokary Sowetiniň nobatdaky sessiýasyna ýazan hatymyň mazmunyny Azatlyk Radiosynyň Web sahypasynyň okyjylarynyň ünsüne ýetirmegi müwessa bildim.

"Özbaşdak, garaşsyz Türkmen döwletiniň berkarar edilýän wagtynda durmuşymyzyň ähli bazalarynda üýtgeşmeler bolup geçýär. Bu tebigy zat. Ýer-ýurtlaryň taryhy ady dikeldilýär, käbir terminlere gaýtadan seredilýär, täzesi dil dolanyşygyna girizilýär. Men şolaryň birisi barada öz pikirimi aýdyp, halk deputatlaryndan, bu işe dahylly dilçilerden, döwlet işgärlerinden meniň teklibimi hem nazarda tutmaklaryny towakga edýärin.

Gürrüň eger-de oblast sözüni başga bir söz bilen çalşyrmak zerurlygy ykrar edilen halatynda onuň deregine welaýat sözüni däl-de, ÜLKE sözüni almak barada barýar.Öz teklibimi şeýleräk esaslandyryp biljek:

Birinjiden, ÜLKE sözi tüýs türkmen sözi. Onuň kökleri ÜLE, ÜLÜŞ, ÜLEŞ ýaly bir zadyň böleklerini, bir zady bölüşmegi, paýlaşmagy aňladýan sözlerde ýatyr.

Ikinjiden, ol oblast sözüniň manysyny welaýat sözüne garanyňda doly hem dogry berýär.

Üçünjiden, welaýat sözüniň arap sözüdigi köplere mälim, onsoň başga dilden geçen sözi başga diliň sözi bilen çalyşmak bilen utýan zadymyz näme?

Dördünjiden, welaýat sözi oblast sözüne garanyňda prowinsiýa sözüniň manysyna golaýrak.

Bäşinjiden, Türkmensähradaky babadaşlarymyz kä halatlarda bu sözi ýakymsyz manyda ulanýarlar.

Altynjydan, meseläniň syýasy tarapy: ozal Türkmenistana uly ýurduň — SSSR-iň bir bölegi hökmünde garap, oňa köplenç ülke diýlip gelindi. Indi biz Türkmenistany WATAN, ÝURT diýip buýsançly, adalatly atlandyrýarys. Onuň her bir oblastyna, ýagny her bir bölegine ÜLKE diýsek, jüpüne düşýär duruberýär.

Ýedinjiden, "ülke" diýmek "kraý" diýmegi aňladýar diýip, meň bilen razylaşmajaklara iki delilimi: ozaly bilen-ä kraý hem-de terminleriniň belli bir derejede manydaşdygyny, rus dilinde sinonimler hökmünde-de ulanylýandygyny aýdasym gelýär. Galybrse-de, ülke sözi kraý (çet-gyra) sözüniň manysyny takyk beribem duranok. (Üns beriň: kraý gyra sözünden gelip çykan bolaýmasyn?!) Gepiň küle ýeri, oblast hem-de ülke sözleri bir manyny aňladýar.

Onsoň öz dilimizde degişli söz barka ýene-de gaýry dilden SÖZ ALMAK dogrumyka?!

TEKLIBIMI ýene bir gezek gaýtalaýaryn: administratiw-territorial birligi aňladýan OBLAST sözüniň deregine, öwezine TÜRKMENIŇ ÖZ SÖZÜNI — ÜLKE SÖZÜNI ALMALY!

Geliň, indi sözleriň sazlaşygyny, many owazyny türkmeniň berkarar döwletline berýän DÖWLETLILIGINI, syýasy öwüşginini, buýsanç duýgusyny gulagymyz bilen, ýüregimiz bilen, iň esasy-da, AŇ-PAÝHASYMYZ bilen diňläp göreliň: Ahal ÜLKESI, Balkan ÜLKESI, Daşhowuz (belki-de Daşoguz ýa-da Was) ÜLKESI, Lebap ÜLKESI, Mary ÜLKESI!!! Ajaýyp ahyryn, doganlar!".

Şunuň bilen, hatymyň oblastyň ýerine welaýat däl-de, ÜLKE sözüni almak baradaky bölegi tamamlanýar. Ondan başga-da Gyzylarbat şäheriniň, etrabynyň adyny GyzylRABAT görnüşinde düzedilip alynmagy, ýazylmagy, Gyzyletrek etrabynyň adyndan "gyzyl" sözüniň aýrylmagynyň onuň syýasy äheňden dyndaryp, Magtymgulynyň diliniň senasynyň asly durkuna getirmegi barada ýem öz pikirimi aýdypdym. Gynansam-da, soňra gadymy şäheriň ady Serdar boldy.

"Nesil" gazetiniň şol wagtky baş redaktory Annamyrat Poladow hatymy oňlap, çapa bermegi makul bildi. Hat gazetiň 1-ji sahypasynda ýerleşdirildi. Ertesi irden radioda metbugat synynda hem bu hatymyň çap edilendigi habar berildi. Begenip, gazeti aldym welin gözlerime ynanmadym, onuň ornunda başga material dur. Soňra eşidip otursam, Daşoguzda bolan Ýaşulularyň maslahatynda Nyýazow beýleki meseleler bilen birlikde welaýat meselesini çözdüm edipdir. Neşiriň baş redaktory aeroportdan göni çaphana gelip, çykyp duran gazeti saklap, hatymy sahypadan aýrypdyr. Şeýlelikde, hatym şahsy arhiwimde galyberdi. "Hiçden giç ýagşy" diýleni. Azatlyk Radiosynyň Web sahypasynyň okyjylary, söz sizden!

Aşyrguly Baýryýew aşgabatly žurnalist, "Edebiýat we Sungat" gazetiniň öňki baş redaktory. Blogdaky pikirler awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG