Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Gyrgyzystana gitjek barmy?”


Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy
Hemmelere mälim bolşy ýaly, geçen ýylda Gyrgyzystanda ýüz beren wakalar sebäpli, ol ýeriň ýokary okuw mekdeplerine bilim almak üçin baran türkmen ýaşlarynyň ykbalyna uly ruhy zarba uruldy. Olaryň köpüsi okaýan okuwlaryna iberilmän, ýurtdan çykarylmady.

Okap ýören okuwlaryny mejbury ýagdaýda taşlamaly bolup, ruhy syndyrylan ýaşlaryň ykbaly soň hem ençeme sapar oýnaldy. Olara migrasiýa gullugynda rugsatnama berip, uçara bilet hem aldyrdylar. Soň bolsa edil uçaryň uçmaly wagty uçardan düşürip, alyp galdylar. Gyrgyzystana başga ýol bilen aşmak islänleriň ene-atalarynyň ýanyna gelip, «Eger çagalaryňyz ýene Gyrgyzystana gidäýse, elektrik toguňyzy, gazyňyzy keseris, özüňizi bolsa işden kowarys» diýip, haýbat atdylar.

Ene-atanyň işi — ýaşaýyş üçin çörek. Gazsyz, elektrik toksuz oturyp bolsa-da, ene-atalaryň aýlygyndan aýrylyp, ýaşap boljak däl. Şonuň üçin döwrüň syýasatynyň pidasy bolan ýaşlaryň örän köpüsi Gyrgyzystandaky okuwlardan ýüz öwürmeli boldular. Mälim bolşy ýaly, Gyrgyzystanda okap gelenleri Türkmenistanyň öz ýokary okuw mekdeplerine almagy-da gadagan etdiler.

Ýaşlyk hyjuwlaryna palta urlan çagalar bu günler öz öýlerinde bimany ýaşaýşy başdan geçirýärler. Häzir olaryň öňki betbagtçylyklarynyň üstüne ýene bir betbagtçylyk goşuldy. Olaryň ähli dokumentleri Gyrgyzystanda galdy. Ýagdaý howply bolansoň, olary poçta üsti bilen ibermeýärler. Ýaşlaryň özlerini hatda dokumentlerini getirmek üçin hem Gyrgyzystana goýbermeýärler. Ene-atalaryň köpüsi garry, köpüsi ýol tapanok. Tomsa çenli dokumentlerini alyp bilmänleri üçin geçen ýylyň tomusky synaglary döwründe Gyrgyzystanda okap gelen ýaşlar başga ýurtlaryň okuw jaýlaryna okuwa synanyşyp bilmän galdylar.

Ine, bu ýylyň tomsy-da ýetip gelýär. Ýöne dokumentler welin henizem Gyrgyzystanyň okuw mekdeplerinde ýatyr. Gyrgyzystanyň okuw jaýlaryndan dokumentlerini alyp bilmeýän ýaşlar biri-birlerine, tanyş-bilişlerine jaň edip, Gyrgyzystana gitjegi gözleýärler. Gyrgyzystana gitjek hem saňa dokument getirip berjekmi-bermejekmi, bu ýagdaý hem belli däl. Eger kimdir biri Gyrgyzystana gidip, dokumenti getirip bermäge razy bolaýanda-da, oňa ynanç haty hökmünde ençeme dokumentleri taýýarlap bermeli. Dokumentleri taýýarlap bereniňde-de, Gyrgyzystanyň ýokary okuw mekdepleriniň jogapkär adamlarynyň çem gelene türkmenistanly talybyň dokumentlerini berip goýberjek-goýbermejegem näbelli.

Gyrgyzystanda okap gelen ýaşlaryň ykbaly häzir «Hudaý urany pygamber hem hasasy bilen dürter» diýene bardy.

Ýakymsyz ýagdaýy döretmäge Türkmenistan ökdeledi. Ýöne adama haýyrly iş etmek welin, hiç kimiň kellesine gelenok. Gyrgyzystanda okap gaýdan ýaşlaryň ykbalyna badak atan ýolbaşçylar olara biraz kömek hem etjek bolmaly. Olaram Watanyň öz balalary ahyryn...Mysal üçin Bilim ministrliginiň özi ýaşlaryň Gyrgyzystanyň okuw mekdeplerinde galan dokumentlerini resmi ýagdaýda, hat üsti bilen alyp berip biler. Ýöne şeýle gowy başlangyç, haýsydyr bir meseläni gowulyk bilen çözmek türkmen ýolbaşçylarynyň hiç birinden çykmaýar. Sebäbi olar özbaşdak hereket edip bilenoklar.

Serdar Gulgeldiýew aşgabatly synçynyň edebi lakamy. Blogdaky pikirler awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG