Sepleriň elýeterliligi

BMG: Liwiýanyň howa giňişliginde uçuş gadagan


Liwiýanyň Ajdabiýah şäherine barýan ýolda ýakylan maşynlar, 16-njy mart.

Liwiýanyň Ajdabiýah şäherine barýan ýolda ýakylan maşynlar, 16-njy mart.

Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşi Liwiýanyň howa giňişliginde uçuş gadaganlygyny girizmek boýunça rezolýusiýany kabul etdi. Bu çäre graždan ilaty Kaddafiniň hüjümlerinden goramak üçin “ähli zerur çäreleriň” görülmegine ygtyýar berýär.

Şeýlelikde, Liwiýa söweşine harby interwensiýa etmek üçin hiç hili päsgelçilik galmady. Muňa garamazdan, bu rezolýusiýada Liwiýanyň territoriýasyna daşary ýurt esgerleriniň iberilmegi göz öňünde tutulmaýar.

Penşenbe güni gije geçirilen ses berişlikde 1973 belgili rezolýusiýany Geňeşiň 10 agzasy goldady, bäş ýurt – Orsýet, Hytaý, Braziliýa, Hindistan we Germaniýa – saklandy, ýagny, garşy ses beren bolmady. Rezolýusiýanyň kabul edilmegini esasan hem Britaniýa, Fransiýa, Liwan we Birleşen Ştatlar isleýärdi.

Geňeşiň sessiýasynda çykyş eden Britaniýanyň hemişelik wekili Mark Lýall Grant BMG-niň 26-njy fewralda kabul eden rezolýusiýasyny Kaddafiniň äsgermändigini aýdyp, ony öz halkyna garşy zulum etmekden saklanmaga çagyrdy.

“Bu rezolýusiýanyň esasy maksady belli: zorlugy bes etmek, graždan ilaty goramak we Liwiýanyň halkynyň tiranlykdan we Kaddafiniň režiminden azat bolup, öz ykballaryny özleriniň kesgitlemegine ýol açmak” diýip, Grant aýtdy.

Soňky gowşan habarlara görä, Kaddafiniň ýaragly güýçleri oppozisiýanyň gözegçiligindäki Bengazi şäherine gysga wagtyň içinde uludan hüjüm etmäge taýýarlyk görýärler. Kaddafiniň harbylarynyň şeýle uly şähere hüjüm eder ýaly ýeterlik ukuby barmy ýa-da ýok – ol häzirlikçe belli däl.

Birleşen Ştatlaryň BMG-däki ilçisi Sýuzan Raýs Howpsuzlyk Geňeşiniň duşuşygyndan soň žurnalistleriň öňünde çykyş edýär, Nýu Ýork, 16-nji mart,
Birleşen Ştatlaryň BMG-däki ilçisi Sýuzan Raýsyň aýtmagyna görä, bu rezolýusiýa ýarag embargosyny bozýanlaryň, şol sanda Kaddafini tölegli esgerler bilen üpjün edýänlaryň garşysyna sanksiýa girizmek maksady bilen döredilen Liwiýa Sanskiýalary Komitetiniň ygtyýaryny hem artdyrýar.

“Bu rezolýusiýa ýarag embargosy boýunça düzgünleri hem güýçlendirýär we Liwiýa degişli ýa Liwiýa tarapyndan dolandyrylýan uçarlaryň halkara uçuşlaryny gadagan edýär. Şeýle hem bu rezolýusiýa ýene ýedi adamyň we bäş edaranyň, şol sanda Liwiýanyň döwlet eýeçiligindäki möhüm kompaniýalaryň emläklerini doňdurýar” diýip, Raýs aýtdy.

BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi Liwiýa garşy girizilen sanksiýalaryň gysga we uzak möhletde ýerine ýetirilişine gözegçilik etjek ekspertler toparyny hem ýola goýdy.

Geňeşiň bäg agzasy, şol sanda hemişelik agzalar bolan Hytaý we Orsýet güýç ulanylmagy boýunça şertlere şübheli garadylar, emma soňunda özleriniň weto hukuklaryny ulanman, oňa derek saklanýandyklaryny aýdyp, ses berdiler.

Orsýetiň ilçisi Witaliý Çurkin “zerur bolan ähli çäreler” diýen şert bilen Moskwanyň ylalaşmaýandygyny, sebäbi munuň halkara jemgyýetçiliginiň üstüne çenden aşa güýç ulanmakdan saklanmak boýunça uly jogapkärçilik ýükleýändigini aýtdy.

Germaniýanyň daşary işler ministri Guido Westerwelle hem öz beýanatynda: “Liwiýa harby interwensiýa etmek baradaky çözgüde heniz hem şübheli garaýarys, bu çözgüt rezolýusiýada hem bar. Munda uly töwekgelçilikleri görýäris. Şol sebäpli biz rezolýusiýanyň bu bölegine goşulyp bilmeris. Germaniýaly esgerler Liwiýadaky harby çärelere gatnaşmaz” diýdi.

Geňeşde geçirilen ilkinji gepleşiklerde, agzalaryň käbir meseleler boýunça bir pikire gelip bilmeýändigine garamazdan, Kaddafini hiç kimiň goldamaýandygy we ähli agzalaryň ol häkimiýetden gitmeli diýen pikirdedigi belli boldy.

Habarlara görä, Fransiýa, Birleşen Ştatlar we Britaniýa Kaddafiniň güýçlerine garşy öňümizdäki sagatlaryň içinde hüjüme geçmäge taýýarlyk görýär. Olara käbir arap ýurtlarynyň hem goldaw bermegine garaşylýar.

Ak Tamyň ýaýradan beýanatynda aýdylmagyna görä, ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama ses berişlikden soň Britaniýanyň we Fransiýanyň liderlerine telefon edipdir we olar indiki ädimleri ýakyndan koordinirlemek hem-de arap we halkara hyzmatdaşlary bilen işleşmegi dowam etdirmek boýunça ylalaşypdyrlar.

Rezolýusiýa kabul edilenden soň, Liwiýanyň oppozisiýasynyň gözegçiligindäki Bengazi şäherinde bu karary gutlaýan ýarag sesleri eşidildi.

BMG-niň Baş sekretary Ban Ki-mun rezolýusiýanyň kabul edilmegini gowy kabul edip, ony “taryhy karar” diýip atlandyrdy.

Ol Geňeşiň agzalarynyň bu rezolýusiýanyň şertleri boýunça “derhal” herekete geçmegine garaşýandygyny hem sözüne goşdy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG