Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Orsýet Belarusdan ors aktiwistiniň saklanmagynyň sebäbini soraýar


Orsýetiň ilçihanasy Belarusyň häkimiýetleriniň orsýetli adam hukuklary aktiwistiniň Minskide saklanmagynyň sebäplerini düşündirmegini isleýär.

Andreý Ýarow 16-njy martda Minskide saklandy. Ol Belarusa adam hukuklary boýunça kömek etmäge barypdy.

Ýarowy polisiýa saklady we onuň adynyň Belarusa sapar etmegi gadagan edilenleriň sanawynda bardygyny habar berdi.

Orsýetden Belarusa sapar edýänler üçin passport barlagy ýok. Çünki iki ýurduň arasynda wiza düzgüni ýatyryldy.

Şunlukda, Ýarowyň Belarusa girişini serhetde barlag edýän resmiler hasaba almandyrlar.

Orsýetiň Minskidäki ilçihanasynyň resmisi Wadim Gusewiň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, ilçihana Belarusyň Daşary işler ministrligine Ýarowyň tutulmagynyň sebäpleriniň düşündirilmegini sorap, nota ýollapdyr.

Wadim Ýarowyň belarusly kärdeşleriniň sözlerine görä, polisiýa onuň ýanyndaky zatlaryny konfiskasiýa edipdir.
XS
SM
MD
LG