Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanda nobatdaky harby gulluga çagyryş başlanar


Penşenbe güni Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň Ýaragly güýçlerinde gulluk edýän harby gullukçylary ätiýaja goýbermek we Türkmenistanyň raýatlaryny nobatdaky harby gulluga çagyrmak baradaky permana gol goýdy.

Dokumente görä, kanun boýunça gulluk möhletini tamamlan harby gullukçylar 2011-nji ýylyň aprel we iýun aýlary aralygynda Ýaragly güýçlerden ätiýaja goýberiler.

Prezidentiň permany boýunça, ýurduň 18 ýaşan raýatlary aprel we iýun aýlary aralygynda goşun gullugyna çagyrylar.
XS
SM
MD
LG