Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Prezident Berdimuhamedow ÝB-niň we BMG-niň wekillerini kabul etdi


Penşenbe güni Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Pýer Moreli kabul etdi.

Taraplar Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň hyzmatdaşlygynyň perspektiwalary hem-de ýangyç-ykdysady, inwestisiýa ýaly ugurlar boýunça hyzmatdaşlyk barada gürrüň etdiler.

Prezident Berdimuhamedow we Pýer Morel ylym, bilim we medeni gatnaşyklaryň ähmiýetini hem belläp geçdiler.

Ýewropa Bileleşiginiň ýörite wekili Türkmenistanyň goňşy Owganystanyň sosial-ykdysady pudaklarynyň täzeden dikeldilmegine edýän kömegine ÝB-niň ýokary baha berýändigini hem aýtdy.

Duşuşyga Polşanyň Türkmenistandaky adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Stefan Radomskiý hem gatnaşdy diýip, türkmen mediasy habar berdi.

Şeýle hem prezident Berdimuhamedow BMG-niň ykdysady we sosial meseleler boýunça departamentiniň regional maslahatçysy Alekseý Tihomirowy kabul etdi.

Berdimuhamedow we Tihomirow özara hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary we bilelikde täze proýektleri we programmalary durmuşa geçirmek barada pikir alyşdylar.

Duşuşykda döwlet dolandyryşy boýunça reforma geçirmek we ony pugtalandyrmak, elektron dolandyryşy, kadrlary taýýarlamak we olaryň kwalifikasiýasyny ösdürmek barada hem gürrüň edildi.
XS
SM
MD
LG