Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Kommunistler türkmen ilçihanasynyň öňünde piket geçirdi


Orsýetiň kommunistik partiýasynyň wekilleri Türkmenistanyň Moskwadaky ilçihanasynyň öňünde, 17-nji mart.

Orsýetiň kommunistik partiýasynyň wekilleri Türkmenistanyň Moskwadaky ilçihanasynyň öňünde, 17-nji mart.

17-nji martda Orsýetiň kommunistik partiýasy KPRF postsowet döwletleriniň, şol sanda Türkmenistanyň Moskwadaky ilçihanasynyň öňünde piket geçirdi.


“Halk SSSR-iň saklanmagynyň tarapynda çykyş etdi”, “SSSR biziň umumy öýümiz”, “Biz halklaryň täzelenen bileleşiginiň tarapdary” - şeýle şygarlar 17-nji martda Türkmenistanyň Moskwadaky ilçihanasynyň öňünde jemlenen kommunistler tarapyndan öňe sürüldi.

Orsýetiň kommunistik partiýasynyň bu çäresi 1991-nji ýylda Sowet Soýuzynyň geljegi boýunça respublikalaryň ählisinde geçirilen pikir soralyşygyň 20 ýyllygyna gabatlap, öňki sowet respublikalarynyň ahlisiniň Moskwadaky ilçihanalarynyň oňünde geçirildi.

Türkmen ilçihanasynyň öňündäki piketiň guramaçysy, Orsýetiň Döwlet Dumasynyň KPRF fraksiýasynyň deputatynyň kömekçisi Olga Winogradowa bu senäni referendumyň netijeleriniň inkär edilmeginiň ýyl dönümi diýip atlandyrdy: “Bu gynandyryjy aksiýa. Halkyň erk-islegi inkär edileli bäri 20 ýyl geçdi. 20 ýyl mundan ozal geçirilen şol referendumda Sowet Soýuzynyň halkynyň 70 prosenti SSSR-iň saklanmagyna isleg bildiripdi”.

Orsýetiň kommunistik partiýasynyň resmi maglumatynda şol referenduma 148 million adamyň, ýagny ses bermäge hakly raýatlaryň 80 prosentiniň gatnaşanlygy we ses berijileriň 76 prosentiniň Sowet Soýuzynyň saklanmagynyň peýdasyna ses berenligi bellenilýär.

“Nostalgiýa duýgusy”

Käbir protestçiler geçmişe gynanmak bilen çäklenmän, Sowet Soýuzyny dikeltmek ýa-da postsowet döwletlerini öz içine alýan täze bir görnüşli bileleşigi döretmek ýaly pikirleri öňe sürdüler.

“Men geljegi sosializmde görýärin. Sebabi sosializm zähmetkeş adamlar üçin iň dogry ýol bolupdy. Bu şu gün ýa ertir bolmasa-da ýakyn ýyllarda gaýdyp geler” diýip, piketçi Tamara Kartintsewa aýtdy.

Şeýle piketler gijigen bir aksiýa diýen pikirler hem öňe sürüldi. Piketçileriň duşundan geçip barýan Igor Sowet Soýuzynyň dargamagyna gynanýanlar gijä galdylar diýen pikirini mälim etdi. Moskwaly Igoryň aýtmagyna görä, Sowet Soýuzy döwri onda diňe nostalgiýa duýgusyny galdyrypdyr.

Siz şol döwür bilen baglylykda nämäni küýseýärsiňiz diýlen sowala Igor “Watan duýgusyny” diyip, jogap berdi.

Serdar Rahymow

Orsýetiň kommunistik partiýasynyň Türkmenistanyň Moskwadaky ilçihanasynyň öňünde geçiren piketinde “Türkmenistanyň kompartiýasynyň lideri Serdar Rahymowa azatlyk beriň” diýen şygar hem öňe sürüldi.

Serdar Rahymow 2002-nji ýylyň dekabr aýynda, Saparmyrat Nyýazowyň janyna kast etmäge synanyşyk diýip atlandyrylan waka gatnaşmakda aýyplanyp, 25 ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdi.

Rahymowyň ykbaly nämälimligine galýar. Orsýetiň Kommunistik partiýasy onuň ykbalyna aladalanma bildirip, ýakynda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna hat hem ýollady.

Türkmenistanyň Moskwadaky ilçihanasynyň öňünde geçirilen piketiň guramaçylary öz talaplaryny ilçihananyň resmilerine tabşyrmaga synanyşdylar. Olaryň bu synanyşygy başa barmady, piketçiler ilçihana goýberilmedi.
XS
SM
MD
LG