Sepleriň elýeterliligi

Türkmen we özbek türmeleri üns merkezinde


 Hasabatda aýdylmagyna görä, türkmen türmeleri beýlekilerden tussaglaryň köpdügi bilen tapawutlanýar.

Hasabatda aýdylmagyna görä, türkmen türmeleri beýlekilerden tussaglaryň köpdügi bilen tapawutlanýar.

Adam hukuklary we demokratiýa boýunça Ženewada geçýän sammite CIVICUS hem-de Açyk jemgyýet fondy Türkmenistan bilen Özbegistanda adam hukuklarynyň ýagdaýy, türmeler we gynamalar barasynda ýörite hasabat hödürledi.

Hasabat Türkmenistanyň we Özbegistanyň graždan jemgyýetleriniň kömegi bilen taýýarlandy. Onda Andijan wakalaryny gurnanlykda günälenen we dini ynamy bilen bagly türmä basylan tussaglaryň garşysyna ulanynlýan gynamalar we Türkmenistanyň türmelerindäki we deslapky tussaghanalardaky gynamalar barasynda jikme-jik maglumat berilýär.

Hasabatda BMG-niň gynamalar boýunça ýörite wekiliniň Türkmenistan bilen Özbegistana saparyndan soň 4-5 ýyl geçen hem bolsa, heniz hem türmelerde gynamalaryň dowam edýändigi, gynamalaryň esasan: tussaglary dürre bilen urmak, aýallary we erkekleri jynsy zorlamak, gomoseksualizm, tussaglara psihologik basyş etmek hem-de elektrik togy bilen öldürmek ýaly görnüşlerinden peýdalanylýandygy aýdylýar.

Hasabatyň maslahatçylarynyň biri, Türkmenistanyň garaşsyz aklawçylar bileleşiginiň başlygy Timur Misrhanow Türkmenistanyň türmelerindäki ýagdaýlar barada anyk maglumatlaryň berilýändigini, emma gynamalar barada ýörite bir bölümde aýdylýandygyny belledi. Onuň aýtmagyna görä, gynamalar barada ýörite doklad taýýarlanýar, ol maý aýynda çykar.

Hasabatda aýdylmagyna görä, türkmen türmeleri beýlekilerden tussaglaryň köpdügi bilen tapawutlanýar. Meselem beýleki döwletlerde türmelerdäki tussaglar her müň adama 18-20 ýa-da 100 çenli tussagdan düşýän bolsa Türkmenistanda 132 tussagdan düşýär.

Timur Misrhanow türkmen türmeleriniň binalarynyň könedigini, olaryň halkara talaplara umuman laýyk gelmeýändigini aýtdy. Türkmen resmileriniň halkara guramalaryň wekillerine türmeleri baryp görmäge rugsat bermeýändigini ol sözüniň üstüne goşdy.

“Gyzyl haç jemgyýeti we beýleki halkara guramalaryň wekilleri türmelere baryp görmek , tussaglaryň ýagdaýyny öwrenmek maksady bilen türkmen resmilerine yzygiderli ýüz tutýarlar. Emma şu mahala çenli olaryň hiç birine rugsat berilmedi” diýip, Misrhanow aýdýar.

Misrhanowyň sözlerine görä, adam üçin Türkmenistanda ýaşamagyň özi hem belli bir derejede psihologik gynama bolup durýar: "Sebäbi durmuş durşy bilen çäklendirmelerden ybarat. Eger-de ynsan bilip ýa bilmän, kanuny bozýan bolsa ol berk jezalandyrylýar".

Şeýle-de hasabatda türmelerde gynamalara sezewar edilen tussaglaryň kabirleri barada anyk maglumat we türmelerdäki ýagdaýlary düzetmek barada birnäçe rekomendasiýalar hem berilýär. Meselem, türkmen türmelerindäki ýagdaýlar barada garaşsyz hasabat taýýarlamak, aýallaryň garşysyna zorluklar barada ýörite barlaglary geçirmek, tussaglara berilýän naharyň hiline, türmeleriň arassaçylygyna we tussaglaryň sanyna üns bermek.

Hasabatda türkmen häkimiýetleriniň gynamalary goldamak buýrugyny berenleri we ony ýerine ýetirýänleri jenaýat jogapkärçiligine çekmelidigi hem nygtalýar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG