Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Saud patyşasy halky üçin milliardlarça dollarlyk serişde goýberýär


Anna güni Saud Arabystanynyň patyşasy Abdullah ýurduň telewideniýesinde az wagtlyk çykyş etdi.

Bu çykyşynda patyşa saud halkyna milliardlarça dollarlyk hemaýat bermäge görkezme berdi. Muňa ýurtda protestleriň öňüni almak çäresi hökmünde garalýar.

Şeýle-de Abdullah bu çykyşynda ýurduň howpsuzlyk güýçlerine patyşalygyň howpsuzlygyny we durnuklylygyny bozmak isleýänleriň öňüni almaga çagyryş etdi.

Goýberlen pullar işsizlere berilýän kömek pullaryny artdyrmak, 500,000 töweregi täze jaýlary gurmak we saglyk pudagyny kämilleşdirmek üçin harçlanar.

Patyşa Abdullah Içeri işler ministrliginiň düzüminde 60,000 täze iş orunlarynyň döredilmegine hem görkezme berdi.
XS
SM
MD
LG