Sepleriň elýeterliligi

Ýaponiýada ýadro krizisiniň derejesi 5-e çykaryldy


Ýaponiýada ýadro krizisiniň derejesi 7 ballyk şkala boýunça 4-den 5-e çykaryldy.

Ýaponiýanyň “Fukusimo Daiçi” atom stansiýasynda dörän krizis 1986-njy ýylyň Çernobyl awariýasyndan soňky iň elhenç atom betbagtçylygy hasaplanýar.

Tokionyň 250 kilometrlik demirgazygynda ýerleşýän bu atom stansiýasyna mundan bir hepde ozal dörän ýer yranma we sunami sebäpli zeper ýetipdi.

“Fukusimo Daiçi” atom stansiýasyndaky gyzan reaktorlary sowatmak synanşygynda oňa tonnalarça suw guýulýar.

Geçen hepdäniň anna güni bolan ýer yranma we sunami sebäpli ölenleriň we dereksiz ýitenleriň resmi sany 16,600 töweregi boldy.
XS
SM
MD
LG