Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bişkekde öňki prezident Bakyýewiň sud işi dowam etdirildi


Anna güni Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkekde ýurduň öňki 28 sany ýokary derejeli resmileriniň, şol sanda ozalky prezident Kurmanbek Bakyýewiň hem üstünden geçirilýän sud diňlenişigi öz işini dowam etdirdi.

Bakyýewe we onuň öňki ýaranlaryna parahat demonstrantlara garşy ot açmakda ýa-da ot açmak buýrugyny bermekde aýyplama bildirilýär.

Geçen ýylyň 7-nji aprelinde hökümete garşy protest geçirýän demonstrantlara ýaraglardan ot açylyp, şonda azyndan 86 adam heläk bolupdy.

Bu wakalarda prezident Kurmanbek Bakyýew häkimiýetden çetleşdirildi. Bakyýew häzir ýurduň daşynda – Belarusda ýaşaýar.

Bu sud diňlenişigi noýabrda başlanypdy. Emma birnäçe sapar gaýra süýşürildi.
XS
SM
MD
LG