Sepleriň elýeterliligi

Ýemende protestçilere ot açylanda azyndan 30 adam öldi


Anna güni Ýemeniň prezidenti Ali Abdullah Saleh ýurtda adatdan daşary ýagdaýy yglan etdi.

Paýtgat Sanada howpsuzlyk güýçleri protestçilere garşy ot açdylar. Şaýatlaryň we keselhana işgärleriniň berýän maglumatyna görä, bu wakada azyndan 30 adam ölüpdir, ýüzlerçe adam hem ýaralanypdyr.

Juma namazyndan soň, müňlerçe adam paýtagtyň Sana uniwersitetine tarap ýöriş geçirjek bolanda, olara garşy ok atyldy.

Ýemendäki protestçiler prezident Aly Abdullah Salehiň 32 ýyllyk häkimiýetiniň tamamlanmagyny talap edýärler.
XS
SM
MD
LG