Sepleriň elýeterliligi

"Adamlar gerekli maglumatlary almagy başarmaly"


Türkmenistanyň Baş kanunynyň 28-nji maddasynda raýatlaryň maglumat almak hukuklary barada şeýle diýilýär: “Türkmenistanyň raýatlarynyň döwlet syryndan we kanun tarapyndan goralýan beýleki syrlardan başga maglumatlary almaga hukuklary bardyr”.

Türkmenistanda hökümetiň raýatlara maglumat bermegi barada ýörite kanun ýok. Ýöne postsowet ýurtlarynyň aglabasynda şeýle kanun bar diýip, düýbi Madriddäki “Aceess Info Europe” atly hökümete degişli däl guramanyň ýerine ýetirji başlygy Helen Darbişire Azatlyk Radiosyna aýtdy.

Bu topar raýatlara maglumatyň elýeterliligi, söz we metbugat azatlygy barada alada edýär. Azatlyk Radiosyndan Guwanç Gere Helen Darbişaýr bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Helen, raýatlara maglumatyň elýeterli bolmagy baradaky hukuk näme?

Helen Darbişaýr : Raýatlara maglumatyň elýeterliligi baradaky hukuk olaryň hökümetden, jemgyýetçilik edaralaryndan maglumat alyp bilmek hukugydyr. Her bir raýatyň maglumat almak haky bar. Çünki biz öz pikirimizi aýtmaga hakly. Munuň üçinem bize maglumat gerek. Bu hukuk hem maglumatyň elýeterli bolmagy baradaky kanun arkaly berjaý edilýär .

Azatlyk Radiosy: Helen, siz bu ugurda köp ýyllardan bäri işleýärsiňiz. Eýse, dünýäniň näçe ýurdunda raýatlara maglumatyň elýeterli bolmagy barada ýörite kanun bar.

Helen Darbişaýr : Dünýäniň 84 ýurdunda raýatlara maglumatyň elýeterli bolmagy barasynda yörite kanun bar. Olaryň köpüsi ÝHHG-e agza ýurtlar. Ýagny, gurama agza 45 ýurtda şeýle kanun bar.

Azatlyk Radiosy: Eýse, siz öz barlaglaryňyzy nähili geçirýärsiňiz?

Helen Darbişaýr
Helen Darbişaýr :
Biz şol kanunyň her bir raýatyň maglumat almak üçin häkimiýetlere ýüzlenmegine nähili mümkinçilik berilýändigini öwrenýäris. Hökümet raýatlaryň haýyşyna jogap bermäge we olara maglumat bermäge borçly. Hökümetiň milli howpsuzlyk ýa-da bir şahsy goranmak sebäbi bilen maglumat bermekden ýüz öwürmegi mümkin. Elbetde, bu juda az duşýar. Biz salgyt töleýäris we hökümeti saýlaýarys. Hut şonuň üçin-de, hökümetiň biziň pulumyzy näme edýändigini we onuň öz ygtyýarlyklaryny nähili ulanýandygyny bilmäge hukugymyz bar. Şol kanun hökümete gözegçilik etmegiň demokratik guraly. Ol demokratik jemgyýetde örän güýçli. Biziň guramamyz dünýäniň ähli ýurdunyň raýatlaryna maglumatyň elýeterli bolmagy üçin ähmiýetli mehanizmleri durmuşa ornaşdyrýar.

Azatlyk Radiosy: Helen, dünýäde raýatlara maglumatlaryň elýeterliligi boýunça geçiren soňky barlaglaryňyz barada gürrüň beräýseňiz?

Helen Darbişaýr : Biz dünýäniň köp ýurdunda barlaglar geçirdik. Biziň ýakynda geçiren barlaglarymyzyň netijesinde raýatlara maglumatyň elýeterliligi boýunça iň öňdäki orunda Täze Zelandiýa durýar. Şeýle-de bu kanuny ýakynda kabul eden Merkezi we Gündogar Ýewropa ýurtlary hem gowy bahany aldylar. Olaryň hataryna Serbiýa, Sloweniýa, Çernogoriýa, Makedoniýa, Gürjüstan we Ermenistan hem girýär. Meselem, olar öz raýatlaryna býujetiň nähili sarp edilişi barada doly maglumat berýärler. Emma Nigeriýa, Zimbabwe, Wenesuela ýaly demokratik däl ýurtlar öz raýatlaryna örän az maglumat berýärler.

Azatlyk Radiosy: Eýse, siziň tejribäňizde raýatlara maglumat elýeterliligi bilen bagly haýsy-da bolsa bir şowly sud işi boldumy?

Helen Darbişaýr : Adam hukuklary boýunça Ýewropa sudunda örän gyzykly bir sud boldy. Şol işi wengriýaly adam hukuklaryny goraýan gurama suda berdi. Bu gurama Wengriýanyň Ýokary sudundan täze kanun we onuň Baş kanuna näderejede laýyk gelýändigi barada maglumat almak isledi. Adam hukuklary boýunça Ýewropa sudy şol maglumatlar gurama berilmeli etdi. Sebäbi, olar adam hukuklary guramasynyň jemgyýetçilik debata gatnaşmagy üçin zerur diýen karara geldi.

Hut şuňa meňzeş sud işi Latyn Amerika regionynda hem boldy. Amerikanyň sudy daş-töweregi goramak bilen bagly maglumat jemgyýete berilmeli. Çünki ol raýatlaryň pikir azatlygynyň bir bölegi we raýatlar hökümetiň bilýän zadyndan habarly bolmaga hakly diýen karara geldi. Şonuň ýaly-da raýatlaryň häkimiýetlerden maglumat almaga hukugynyň bardygy bilen bagly köp ýurduň özünde hem oňyn kararlar kabul edildi.

Azatlyk Radiosy: Helen, raýatlara maglumat elýeterliligi bilen bagly ýagdaýlar postsowet ýurtlarynda nähili?

Helen Darbişaýr : Elbetde, bu biziň haýsy ýurt barada gürrüň edýändigimize bagly. Mysal üçin, 2004-nji ýylda Ýewropa Bileleşigine agza bolan öňki kommunist ýurtlaryň ählisinde raýatlara maglumat elýeterliligi barada ýörite kanun bar. Orsýetde bu kanun geçen ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje girdi. Häzir Orsýetde hökümetden maglumat almak mümkin. Elbetde, ol nähili maglumat isleýändigiňe bagly.

Eger biz Kawkaz ýurtlaryna seretsek, onda ýagdaýlar Gürjüstanda örän gowy. Bu ýurtda ýörite kanun 1999-njy ýylda kabul edildi. Raýat jemgyýetine degişli guramalar hökümetden maglumat alyp bilýärler. Ermenistanda hem ýagdaýlar Gürjüstana çalymdaş we ol 2003-nji ýylda kanun kabul etdi. Ermenistandan maglumat almak kyn bolsa-da, bu mümkin zat.

Azerbeýjanda ýagdaýlar kän bir gowy däl. Egerde biz Merkezi Aziýa geçsek, onda bu ýurtlarda raýatlara maglumat elýeterliligi baradaky kanun kagyz ýüzünde bar. Emma durmuşda häkimiýetlerden islän maglumatyňy almak uly mesele. Gyrgyzystanda, Özbegistanda, Täjigistanda bu ugurda ýörite kanun bar. Ýöne bize gowşan habarlara görä, olar islän maglumatyňy alyp bolýan açyk ýurtlar däl.

Elbetde, Türkmenistan örän ýapyk ýurt we ondan haýsy-da bolsa bir resmi maglumat almak örän kyn. Meniň pikirimçe, Merkezi Aziýanyň maglumat almak boýunça dünýäde iň kyn regionlaryň biri bolmagy mümkin. Raýatlara maglumatyň elýeterli bolmagy – olaryň iň esasy hukuklarynyň biri. Adamlaryň hökümetiň näme iş edýändigini bilmäge haky bar. Şonuň üçin-de, Merkezi Aziýa ýurtlarynda etmeli işler entek örän köp.

Azatlyk Radiosy: Siz ahyrky barlaglaryňyzda Merkezi Aziýa ýurtlary barada nähili maglumatlar ýygnap bildiňiz?

Helen Darbişaýr : Şol barlaglaryň Merkezi Aziýa degişli bölegi örän gyzykly boldy. Sebäbi, regionda ilata maglumat elýeterliligi bilen bagly ähli ýagdaýlar gowam däl, erbedem. Biz Gazagystanda, Gyrgyzystanda we Täjigistanda barlag geçirdik. Gazagystan biziň dört haýyşymyzyň diňe käbirine jogap berdi. Olar tebigat, garrylar öýi, kömek edýän guramalar barada. Gyrgyzystan iki haýyşymyza doly we birine bölekleýin jogap berdi. Täjigistandan bolsa, diňe bir haýyşymyza jogap alyp bildik. Käbir haýyşlarymyza syrly maglumat diýip, jogap bermediler. Täjigistan ýaramaz baha aldy.

Bular kiçi barlaglar bolsa-da, meniň pikirimçe, birinjiden, şol ýurtlardan maglumat almagyň asla mümkin däldigini, ikinjiden bolsa, regionda raýatlara maglumatyň elýeterli bolmagy bilen bagly ýagdaýlaryň gowy däldigini we žurnalistleriň, hökümete degişli däl guramalaryň, orta gürpdäki ilatyň hökümetden maglumat almak baradaky hukuklaryna hormat goýmakda edilmeli işleriň köpdügini görkezdi.

Azatlyk Radiosy: Helen, siz türkmen resmilerinden maglumat almaga synanyşdyňyzmy we nähili jogap aldyňyz?

Helen Darbişaýr : Biz türkmen häkimiýetlerinden haýsy-da bolsa bir maglumat almak üçin synanyşyk etmedik. Maňa türkmenistanly iki adamyň aýtmagyna görä, häkimiýetlerden maglumat almak juda kyn. Adam hukuklaryny goramak bilen meşgullanýandygyňy ýa-da žurnalistdigiňi aýdyp, olardan maglumat almak örän kyn.

Türkmenistanyň raýaty bolmazdan, saglyk, bilim pudagy barada maglumat bermeklerini sorasaň, olary almagyň mümkin. Emma bu kyn diýdiler.Ýöne gyzykly ýeri, golaýda men Bütindünýä bankyndan Türkmenistan barada maglumatlary aldym. Bank meniň haýyşyma derrew jogap berdi. Dünýä banky Türkmenistana nähili pul sarp edýändikleri barada jikme-jik gürrüň berdi. Gepiň gysgasy, Türkmenistan barada maglumat almagyň bir ýoly – başga ýurtlara ýa-da Türkmenistanda işleýän Halkara guramalara ýüzlenmek. Bu häzirki döwürde biziň üçin ýeke-täk çykalga bolup durýar.

Azatlyk Radiosy: Eýse, siziň guramaňyz maglumat elýeterliligi bilen bagly raýatlara kömek edýärmi?


Helen Darbişaýr : Elbetde, biziň raýatlara kömek edýän ýörite bölümimiz bar. Adamlar biziň Web saýtymyzy “Google” gözleg motorynda “Acces Info Europe” diýip ýazsalar, tapyp bilerler. Islendik maglumat almak isleýän adamlar, goý, ol žurnalist, adam hukuklaryny goraýjy ýa-da adaty biri bolsun, bize ýüzlenip biler. Biz häkimiýetlerden maglumat almagyň ýollary barada maslahat berip, nähili ýüzlenmelidigini öwredip bileris. Olaryň käbiriniň Ýewropa Bileleşigine, islendik hökümete ýüzlenmek isleýän bolmagy mümkin.

Elbetde, biz raýatlaryň islän maglumatyny alyp biljekdigine kepil geçip bilmeris. Emma biz raýatlara maglumat almagyň hukuk taraplary barada maslahat bereris we olary goldarys. Biz käte raýatlaryň bu ugurdaky meselesini suda hem berýäris.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistan tebigy baýlyklary ummasyz ýurt. Eger ýurduň bir raýaty şol tebigy baýlyklaryň eksportyndan gelýän girdejiler barada hökümetden maglumat almak islese, siz oňa nähili maslahat bererdiňiz?

Helen Darbişaýr : Meniň pikirimçe, Türkmenistan ýaly ýurtdan maglumat almak isleseň, oňa döredijilikli çemeleşmeli. Ýagny, şol maglumatlaryň türkmen hökümetinden başga ýene kimde bolup biljekdigi barada oýlanmaly. Sebäbi Türkmenistanyň tebigy baýlyklaryny import edýän ýurtlary köp. Şol döwletlerde maglumat bar bolmagy mümkin. Şeýle-de nebit-gaz ýa-da beýleki ugurlarda işleýän şirketler hem bar. Olar öz işleýän ýurtlaryna töleýän pullary barada maglumat çap etmeli. Garaz, bir ýurt ýeterlik açyk bolmasa-da, beýleki döwletlerde ýa-da hususy kompaniýalarda ol ýapyk ýurt hakynda maglumat bolaýmaly. Olar bu maglumatlary jemgyýetçilige elýeterli etmeli.

Men Türkmenistan barada Bütindünýä bankyndan maglumat alanymy mysal getirmekçi we şeýle strategiýany ulanmagy maslahat berýärin. Iň bärsinden bu strategiýa ilkinji ädim bolup biler. Ýagny, bu hökümetlere basyş etmegiň we olary köpräk açyk-aýdyň syýasat alyp barmaga itermegiň bir ýoly. Elbetde, eger hökümeti maglumat bermäge mejbur etmek juda howply bolsa, onda men bu ýollary maslahat bermekçi däl. Şeýle ýagdaýda has howpsuz bolan başga çeşmelerden maglumat gözlemek örän amatly bolar.

Adam hukuklary boýunça Halkara sudy raýatlara maglumatyň elýeterli bolmagynyň ynsan hukuklaryna degişlidigini tassyklady. Ol biziň her birimiziň hukugymyz. Biziň saýlan hökümetimiz bolsa maglumat bermäge borçly. Olar däl-de, biz başlyk. Jemgyýetçilik edaralarynda işleýän resmilere pul töleýän adamlar başlyk. Biziň olaryň näme işler edýändigini bilmäge hakymyz bar. Men hemmeleri hökümetleriň açyk- aýdyň syýasat alyp barmalydygy we raýatlara maglumatlaryň elýeterli bolmalydygy baradaky tagallamyzy goldamaga çagyrýaryn.

Azatlyk Radiosy: Helen, gürrüňdeşlik üçin sag boluň!

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG