Sepleriň elýeterliligi

Owganystanda howpsuzlyga kontrollyk ýerli gurluşlara berler


Şu gün Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaý ABŞ tarapyndan baştutanlyk edilýän halkara koalision güýçlerden howpsuzlyga kontrollygy aljak ýerli gurluşlaryň atlaryny we welaýatlary yglan eder.

Bu prosese başlamak iýun aýyna planlaşdyrylýar. Ol 2014-gji ýylda doly tamamlanar. Şonda ABŞ-nyň we NATO-nyň Owganystandaky 140 müň harbysy çykarylar.

Emma kontrollygy tabşyrmak ýuwaş-ýuwaşdan we her regiondaky ýagdaýyň aýratynlygyna görä geçiriler.

Häzir halkara koalisiýasy owgan howpsuzlyk güýçlerini taýýarlamak boýunça tagallalaryny güýçlendirýär. Ol talyplara we yslam ekstremistlerine garşy göreşde milli goşuna kömek berýär.
XS
SM
MD
LG