Sepleriň elýeterliligi

ABŞ Müsürde geçen referendumyň netijelerini gutlady


ABŞ Konstitusion reforma boýunça Müsürde geçen referendumyň netijelerini gutlady.

Amerikan prezidentiniň milli howpsuzlyk meseleleri boýunça geneşçisi Tom Donilon Müsürde geçirilen ses berişligi “adatdan daşary möhüm waka” atlandyrdy.

Resmi maglumata görä, ses berişlige gatnaşan müsürlileriň 77% -i esasy kanuna özgertmeler girizmäge tarapdar bolup ses beripdir. Gatnaşyk 41%.

Häzir Müsürde häkimiýeti dolandyrýan Harby geňeş tarapdan edilen teklip şu ýyl ýurtda parlament we prezident saýlawlaryny geçirmegi göz öňünde tutýar.

Bu çärä zerurlyk şu ýylyň fewral aýynda bolan halk tolgunyşyklary we Hosni Muberegiň wezipesinden çekilmegi bilen döredi.
XS
SM
MD
LG