Sepleriň elýeterliligi

Prezident Obama Nowruz baýramyny gutlap çykyş etdi


“Eýran hökümetini herekete getirýän zat halkyň zeruryýeti ýa halkyň bähbitlerini goramak däl-de, häkimiýeti elde saklamaga ýykgyn etmek” diýip, ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama hasap edýär.

Ol bu barasynda Nowruz baýramy mynasybetli eden teleýüzlenmesinde aýtdy.

Bahar baýramy, Täze ýylyň başlanmagy hökmünde Nowruz Ýewraziýanyň ençeme ýurdunda baýram edilýär.

Soňky iki ýylyň dowamynda eýran häkimiýetleri öz halkyny gorkuzmak kampaniýasyny alyp barýar, adamlaryň hukuklary yzygiderli bozulýar diýip, amerikan lideri belledi.

“Bu ýagdaý diňe hökümet çinownikleriniň arasynda gorkynyň bardygyna şaýatlyk edýär. Ençeme ýurtda, şol sanda Müsürde, Tunisde bolan tolgunyşyklar umytlaryň we perspektiwalaryň döwrüniň ýetip gelendigini alamatlandyrýar”diýip, Barak Obama aýtdy.
XS
SM
MD
LG