Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Fukuşima atom stansiýasyndan çal tüsse çykyp başlady


Duşenbe güni Ýaponiýanyň “Fukusimo-Daiçi” atom stansiýasyndaky işlenen ýadro ýangyjyny saklaýan binadan çal tüsse çykyp başlady. Şol sebäpli atom stansiýasynyň işgärleri ewakuasiýa edildi.

Ýapon resmileriniň aýtmagyna görä, häzirki ýüze çykan problemanyň sebäpleri derňelýär.

11-nji martda Ýaponiýada dörän ýer yranma we sunami sebäpli, bu atom stansiýa zeper ýetipdi.

Bütindünýä bankynyň aýtmagyna görä, Ýaponiýa bu ýykgynçylyklaryň öwezini dolmagy üçin 235 milliard çemesi amerikan dollary gerek bolar.

Ýaponiýanyň milli polisiýa agentliginiň berýän maglumatyna görä, ýer yranma we sunami sebäpli ölenleriň sanynyň 18,000 adamdan hem geçmek howpy bar.
XS
SM
MD
LG