Sepleriň elýeterliligi

Liwiýa: Kaddafiniň režimine garşy hüjümler dowam edýär


Halkara harby koalisiýa Liwiýada Kaddafiniň režimine garşy ikinji agşam howa hüjümlerini amala aşyrdylar. Bu çäre Liwiýanyň howa giňişligi arkaly uçuş gadaganlygyny berkitmek maksady bilen amala aşyryldy.

Harby operasiýalara Birleşen Ştatlar, Britaniýa, Fransiýa, Italiýa, Kanada we beýleki döwletler gatnaşýarlar.

Amerikanyň bellemegine görä, Liwiýanyň howa giňişligi arkaly uçuş gadaganlygyny ýola goýmak üstünlikli geçirilýär.

Waşington Muammar Kaddafiniň režiminiň ot-açmalary bes edendigi baradaky beýanatyny manysyz diýip atlandyryp, ony ret etdi.

Kaddafiniň režiminiň resmileriniň bellemegine görä, howa hüjümlerinde Kaddafä degişli bolan binalaryň birine zeper ýetipdir.

Orsýetiň premýer-ministri Wladimir Putin BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň Liwiýa garşy harby operasiýlary geçirmek baradaky rezolýusiýasyny “Orta asyryň haçly ýörişe çagyryşlary” bilen deňeşdirdi.

Putiniň şeýle beýanatyndan soň Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew çykyş edip, “haçly ýörişleri” ýaly sözleri ulanmagyň kabul ederlikli däldigini, munuň ýagdaýlary has hem erbetleşdirip biljekdigini duýdurdy.
XS
SM
MD
LG