Sepleriň elýeterliligi

Ýemende harby komandir protestçileriň tarapyna geçdi


Duşenbe güni Ýemeniň ýokary derejeli harby komandiri ýurduň prezident Ali Abdullah Salehiň häkimiýetden gitmegini talap edýän demonstrantlaryň tarapyna geçýändigini yglan etdi. Mundan soň, paýtagt Sananyň köçelerine tanklar we beýleki harby ulaglar çykaryldy.

Harby ulaglar Prezident köşgüniň, Merkezi bankyň we Goranmak ministrliginiň öňünde ýygnandylar. Bu ulaglaryň haýsy goşunlara degişlidigini we kimiň bulara ýolbaşçylyk edýändigini anyklamak başartmady.

General-maýor Ali Mohsen al-Ahmar duşenbe güni žurnalistleriň öňünde prezident Salehe garşy çykyp, protestçilere goşulýandygyny aýtdy.

Bu çykyşdan soňra, onlarça ýemen ofiserleri hem özleriniň ýurtdaky protest hereketlerini goldaýandyklaryny mälim etdiler.

Geçen hepdäniň anna güni Ýemende protestleriň gazaply basylyp ýatyrylmagy sebäpli, onlarça demonstrant ölüpdi.

Ýekşenbe güni prezident Saleh hökümeti dargatdy.
XS
SM
MD
LG