Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistan Eýrana 1,000 tonna uny sowgat berýär


Türkmenistan Nowruz baýramy mynasybetli Eýrana 1,000 tonna uny sowgat berýär.

Türkmenistanyň prezidenti iki ýurduň arasyndaky dostlukly we doganlyk gatnaşyklaryny berkitmek, şeýle-de Nowruz baýramy mynasybetli türkmen bugdaýynyň hasylyndan naz-nygmaty hezzet etmek maksady bilen, Eýran Yslam Respbulikasyna türkmen halkynyň adyndan 1,000 tonna uny sowgat bermek baradaky karara gol goýdy.

2010-njy ýylda Türkmenistanda 860,000 gektar ýerden 1,5 million tonna galla hasyly ýygnalypdy. 1991-nji ýylda bolsa Türkmenistan ýaňy öz garaşszylygyny ylgan edende, onuň bugdaý hasyly 70,000 tonna ýetýärdi.

Şondan soňky ýyllarda Türkmenistan azyk kynçylyklarynyň hötdesinden gelip bilmändigi üçin, Eýran goňşy ýurtlaryň arasyndan ilkinjileriň biri bolup, Türkmenistana öz ununy ugradypdy diýip, ITAR-TASS habar berýär.
XS
SM
MD
LG