Sepleriň elýeterliligi

Ýadro reaktory howpsuz bolup bilermi?


Çernobyl ýadro desgasynyň 30 kilometrlik çäginde, Ukraina, 16-nji mart 2011-nji ýyl.

Çernobyl ýadro desgasynyň 30 kilometrlik çäginde, Ukraina, 16-nji mart 2011-nji ýyl.

Öten çarşenbe güni Ýaponiýanyň Fukuşima ýadro desgasynda inženerler radiasiýanyň ýaýramagynyň öňüni almak üçin göreşip ýörkä, ondan müňlerçe kilometr uzakda, Moskwada, ors prezidenti Dmitriý Medwedew ýadro elektrostansiýalarynyň howpsuzlygy baradaky soraglara jogap berdi.

Medwedew: “Bu howpsuz bolup bilýär. Ýadro desglarynyň gurulmaly ýeri, olaryň planlary we olary işletjek topar barada dogry karara gelinse, ondan abanýan howp ýok. Şu işler edilse, atom energiýasy howpsuz, adamzat üçin aşa peýdaly” diýdi.

Ýadro ylalaşyklary

Medwedew bulary Orsýetiň bir ýadro desgasyny Türkiýede gurmak baradaky planyny Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýyp Erdogan bilen duşuşykda tassyklansoň aýtdy. Moskwa öten ýyl Türkiýede dört reaktorly ýadro desgasyny gurmak baradaky ylalaşyga gol çekdi. Munuň bahasy 20 milliard dollar.

Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew (sagda) we Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýyp Erdogan Moskwadaky metbugat konferensiýasynda, 16-njy mart, 2011-nji ýyl.
Türkiýe Ýaponiýa ýaly ýer yranmasynyň köp bolýan ýurdy. Ors desgasy üçin göz öňünde tutulan ýer hem bir aktiw ýer jaýrylmasynyň 25 kilometrliginde ýerleşýär. Muňa garamazdan, Medwedew iň bir weýrançylykly sarsgynyň-da ors reaktorlaryna kär etmejekdigini wada etdi. Erdogan hem öz gezeginde: “Bu proýekt bütin dünýä üçin nusga bolar” diýdi.

Şol hepde Orsýet Belarus bilen hem 9 milliard dollara täze atom elektrostansiýasyny gurmagy ylalaşdy. Muny hem daşky gurşawy goraýan toparlar: “Entek synagdan geçen tehnologiýa däl” diýip tankytlaýarlar.

Çernobyldaky sowet döwrüne degişli reaktorlardan tapawutlylykda täze desgalaryň galyplary Fukuşimada ýapon reaktorlaryny şu wagta çenli goran galyplara çalymdaş. Bu desgalaryň sowadyş sistamasy hem, Ýaponiýadaky ýaly, elektrik kesilse-de işleýär.

Medwedewiň aýdanlary tankytlanýar

Muňa garamazdan, tebigaty goraýan toparlar Medwedewiň aýdýanlaryny tankytlaýarlar. Norwegiýanyň “Bellona” toparynyň isgäri Aleksandr Nikitin: “Howpsuz ýadro reaktory diýen zat ýok” diýýär. Nikitin: “Siziň bir maşynyňyz bolsa, onuň iru-giç bozuljakdygyny bilşiňiz ýaly, bir reaktory howpsuz etjek ýagdaýlary oňünden görmek mümkin däl. Ýadro desgasy howpsuz, hiç bir hadysa bolmaz diýilýän sözüň ýalandygynyň sebäbi şu” diýdi.

Orsýetiň federal atom energiýasy agentligi “Rosatom” häzir 14 ýurtda, şol sanda Hindistanda, Bolgarystanda we Eýranda atom elektrostansiýalaryny gurup ýör ýa-da gurmagy planlaşdyrýar.

Eýrandaky “Buşehr” desgasy üç tektoniki zolagyň çatrygynda ýerleşýär. Bu sebit 2002-nji ýylda 4,6 bal güýçli sarsgyny başdan geçirdi. Nikitiniň pikiriçe, bu täze betbagtçylyga getirmegi mümkin hadysalaryň biri: “Ine, Ýaponiýada görşümiz ýaly, bolmagy ahmal wakalary hatda öňünden çen-çak bilenem aýtmak çetin. Ol hadysalara köplenç başga bir hadysalar getirýär”.

Orsýetiň öz içinde

Orsýet ýurduň öz içinde hem ýadro reaktorlaryny gurmagy dowam etdirýär. “Rosatom” bäş ýyl mundan ozal 2030-njy ýyla çenli 40 sany täze reaktor gurjakdygyny aýtdy. Ýadro eksperti, ”Ýabloko” partiýasynyň “Ýaşyl Orsýet” toparynyň başlygy Alekseý Ýablokow: “Bu programma realistik däl” diýýär.

Ýablokow: “Tutuş dünýä Ýaponiýadaky apata alada bilen garaýarka, Orsýetiň ýadro reaktorlaryny gurmak baradaky ylalaşyklara gol çekmegi bu ylalaşyklary togtatmagy üçin dünýä jemgyýetçiligine edilýän çagyryş” diýýär.

Dünýäniň iň uly tebigy gaz rezerwleriniň üstünde oturan bir ýurduň ýadro energiýasyny ileri tutmagy geň zat. Ýöne Orsýet ýadro eksportyna gaz satmakdan has düşewüntli zat hökmünde garaýar.

Dünýä jemgyýetçiligi Çernobyl betbagtçylygynyň 25 ýyllygyny bellejek bolup ýörkä, Orsýetiň hökümetiniň ýagdaýlar üýtgedi diýip, wada bermegi ekspertleri ynjaldanok.
XS
SM
MD
LG