Sepleriň elýeterliligi

Birleşen Ştatlaryň goranmak ministri Moskwa gelýär


ABŞ-nyň goranmak ministri Robert Geýts şu gün Peterburgdan Moskwa geler. Ol Liwiýadaky harby kampaniýanyň maksadyny düşündirer diýlip garaşylýar.

Mundan öň Orsýetiň hökümet başlygy Wladimir Putin Liwiýada halkara koalisiýanyň hereketleri barada durup geçip, “haçly ýöriş” diýen söz düzümini ulandy.

Ondan soň Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew çykyş edip: “Häzirki ýagdaýda “haçly ýöriş” söz düzüminiň ulanylmagy ýol bermesiz” diýdi. Onuň sözlerine görä, ol swilizasiýalaryň çaknyşygyna getirip biler.

Liwiýadaky halkara harby operasiýa boýunça Putin bilen Medwedewiň arasynda oňşuksyzlygyň bardygyny ABŞ-da bellediler.

Robert Geýts Moskwada diňe Medwedew bilen gepleşik geçirer.
XS
SM
MD
LG