Sepleriň elýeterliligi

Nemes BASF konserni “Günorta akym” proýektine gatnaşar


Germaniýanyň BASF konserni “Günorta akym” proýektine gatnaşar diýip, konserniň başlygy Ýurgen Hambreht Nowo-Ogarewada Orsýetiň premer-ministri Wladimir Putin bilen duşuşygynda aýtdy.

“Günorta akym” ors-italýan-fransuz gazgeçiriji proýekti bolup, ol Noworossiýskiden Gara denziň aşagy bilen Bolgariýanyň Warna portuna barmaly.

Onuň iki şahasy Balkan ýarym adasynyň üsti bilen Italiýa we Awstriýa ýetmeli, ýöne onun takyk ýoly häzirlikçe tassyklanmady.

Plana görä, gazgeçiriji 2015-nji ýylda işläp başlamaly.
XS
SM
MD
LG