Sepleriň elýeterliligi

Tripoliniň eteklerine howadan zarbalar urulýar


Tripoliniň etekleriniň bombalanýandygyny Liwiýanyň döwlet telewideniýesi habar berdi.

Gözi bilen görenler Liwiýa paýtagtyndan 10 kilometr gündogardaky harby-deňiz bazasynda partlamalaryň bolandygyny aýdýarlar.

Tripoliniň özünde-de birnäçe obýekte zarba urlandygy habar berilýär.

Liwiýanyň günortasyndaky şäherleriň biriniň bombalanandygyny Liwiýanyň hökümet wekili tassyklady.

Ýurtda ululygy boýunça üçünji şäher – Misuratda kontrollygyň Kaddafiniň tarapdarlaryna geçendigini Liwiýa häkimiýetleri habar berýär.

Şol bir wagtda-da häzir Ştutgardda bolýan Afrikan komandowaniýesiniň wekili general Karter Hem ýaranlaryň zarbalaryndan soň liwiýa goşunlarynyň söweş ukybynyň peselendigini žurnalistlere aýtdy.
XS
SM
MD
LG