Sepleriň elýeterliligi

Liwiýa: halkara güýçleriň operasiýalary dowam edýär


Muammar Kaddafiniň ýaragly güýçlerine degişli tank Bengaziden Ajdabiýah şäherine barýan ýoluň üstünde pytrap ýatyr, 21-nji mart.

Muammar Kaddafiniň ýaragly güýçlerine degişli tank Bengaziden Ajdabiýah şäherine barýan ýoluň üstünde pytrap ýatyr, 21-nji mart.

Eýýäm dördünji gün halkara koalision güýçler Liwiýanyň dolandyryjysy Muammar Kaddafiniň düýp harby binýatlaryna garşy howa hüjümlerini amala aşyrýarlar.

Paýtagt Tripolide gijäniň dowamynda howa hüjümine garşy goranyş ýaraglarynyň sesleri eşidildi. Ýerli telewideniýäniň berýän maglumatyna görä, bu hüjümde paýtagtyň ençeme ýerleri bombalandy.

Liwiýa hökümetiniň metbugat wekili Moussa Ibrahimiň aýtmagyna görä, portlara we Sirte aeroportyna gönükdirilen hüjümlerde parahat ilatyň arasyndan hem ýitgiler bar.

AFP habar agentliginiň berýän maglumatyna laýyklykda, paýtagt Tripoliniň golaýyndaky Busstta harby-deňiz bazasy bombalanypdyr. “Al-Jazeera” telekanalynyň maglumatlaryna görä bolsa, Bengaziniň gündogaryndaky iki sany radar stansiýasy hem howa hüjümlerine uçrapdyr.

Şonuň bilen birlikde duşenbe güni Liwiýanyň baştutanyna ygrarly güýçler bilen gozgalaňçylaryň arasyndaky çaknyşyklar hem dowam etdi. Kaddafiniň tarapdarlary tanklaryň kömegi bilen gozgalaňçylaryň elindäki Ajdabiýa şäherini eýelemgi başardylar.

Gozgalaňçylaryň kontrollygyndaky Misrata we Zintan şäheriniň ýaşaýjylarynyň aýtmagyna görä, Kaddafiniň güýçleri bu şäherlere hem hüjümleri amala aşyrypdyrlar.

Birleşen Ştatlaryň harbylarynyň nygtamagyna görä bolsa, gijäniň dowamynda olaryň bir harby uçary ýere gaçypdyr. Olar bu uçar garşylykly ot açmadan däl-de, tehniki näsazlyklar zerarly ýere gaçdy diýip, habar berdiler.

Harby hüjümleriň halkara mandaty bar

Birleşen Ştatlaryň resmileriniň nygtamagyna görä, bu hüjümler BMG-niň Liwiýanyň howa giňişligi arkaly uçuş gadaganlygyny girizmek rezolýusiýasyny ýerine ýetirmek maksady bilen amala aşyrylýar.

Kanadanyň CF-18A harby uçary NATO-nyň Trapanidäki Birgi bazasyna gonýar, Sisiliýa adasy, Italiýa, 21-nji mart.
BMG-niň geçen hepde kabul eden rezolýusiýasy Liwiýanyň halkyny Kaddafiniň goşunlaryndan goramak üçin “ähli zerur çäreleri” görmäge ygtyýar berýär.

Häzire çenli howa hüjümleri Kaddafiniň goşunlaryny gozgalaňçylaryň gözegçiligindäki şäherleri eýelemekden saklady. Howa hüjümlerinden soň, Ajdabiýa we Bengazi şäherleriniň arasyndaky ýolda ýanan harby tehnikalaryň köýükleri döredi.

Liwiýa operasiýasynda Birleşen Ştatlaryň goşunlaryna komandirlik edýän general Karter Hamyň bellemegine görä, bu hüjümlerde Liwiýanyň howa hüjüminden goranyş ulgamlarynyň aglabasynyň ýok eilendendigi sebäpli, howa hüjümleriniň ýygylygynyň mundan beýläk peselmegi mümkin.

Adyny aýtmakdan saklanan amerikan harby resmisiniň bellemegine görä, Liwiýanyň howa hüjüminden goranmak mümkinçiligi 50 prosent töweregi peselipdir.

Birleşen Ştatlar we onuň ýaranlary Liwiýa garşy amala aşyrýan hüjümleriniň aşa ýygylygy sebäpli käbir tankytlar bilen hem ýüz-ýüz boldular. Geçen hepde BMG-de kabul edilen rezolýusiýa ses bermekden saklanan Hytaý we Orsýet ot açyşyň tizden-tiz kesilmegini talap edýärler. Olaryň bellemegine görä, “Liwiýada harby güýjüň ulanylmagy parahat ilatyň arasynda has köp pidalaryň döremegine” eltmegi mümkin.

Koalisiýa güýçleriniň aýtmagyna görä, olar Kaddafiniň häkimiýetden gidenini görmek isleýärler. Emma häzirki harby kompaniýanyň diňe parahat ilaty goramagy maksat edinýändigini hem öňe sürýärler.
XS
SM
MD
LG