Sepleriň elýeterliligi

Hökümdara wepalylyk we Stokgolm sindromy


Özbegistan, 1930-njy ýyllar.

Özbegistan, 1930-njy ýyllar.

Arap dünýäsinde, hususan-da Müsürde we Liwiýada, bolýan özgerişleriň içinde bir ýagdaý: awtoritar häkime gol ýapýan, ony eli ýaragly goramaga taýýar adamlaryň hem az däldigi aýratyn göze ildi. Biraz aňryk seretsek, Yragyň öňki prezidenti Saddam Hüseýniň hem şeýle tarapdarlary bolupdy. Orsýetde geçirilen pikir soralyşyklar bolsa sowet taryhy barada mälim bolan aýylganç faktlardan soň hem Staliniň tarapdarlarynyň az däldigini görkezýär. Türkmenistanda hem Nyýazow döwründäki repressiýa, diýdimzorluga garamazdan, henizem onuň tarapdarlarynyň az däldigi aýdylýar.

«Diňe erkin halk galkynyp biler»

Azathabar.com saýtyna pikirini ýazan Aýjemal Liwiýadaky wakalaryň türkmen häkimiýetlerini-de oýlandyrmagyna umyt baglaýar. Onuň pikiriçe, diňe erkin jemgyýetde ýaşaýan halk galkynyp biler. Aýjemal: «Asla biziň hemmämiz şu günki edýän hereketlerimiz bilen özümiziň gelejegmizi kesgitleýäris» diýip ýazýar.

Ýöne Aýjemal bilen ylalaşmaýanlaryň hem bolmagy tebigy zat. Dogrusy, adamzadyň ösüşi, abadançylygy hem pikir dürlüliginiň netijesi hasaplanýar.

Ikinji tarapdan, dünýäniň bir topar ýurdunda häkimiýetler tarapyndan edilýän zulum-sütemiň, ogurlyk-talaňçylygyň, gözçykgynç propagandanyň ýa-da ýalançylygyň garşysyna tutuş jemgyýet, il-halk bolup çykylyp bilinmezliginiň, diktatory goldaýanlaryň hem az bolmazlygynyň sebäbi näme diýen sorag döreýär.

Gorka esaslanýan söýgi hakyky bolarmy?

Häzir Liwiýanyň döwlet telewideniýesiniň gepleşiklerinde 40 ýyldan gowrak häkimiýet başynda bolan we halkyň hasabyna ummasyz kän baýlyk toplan Muammar Kaddafi üçin janyny bermäge taýýardygyny aýdýan adamlar görkezilýär.

Orsýetde ýaşaýan türkmen pedagogy Serdar Muammar Kaddafä «söýginiň» gorkudan gaýdýandygyny, onsoň oňa hakyky söýgi ýa wepalylyk diýip bolmajagyny aýdýar. Şwesiýada bosgunlukda ýaşaýan türkmen syýasatçysy Halmyrat Söýünow
hem awtoritar ýa diktator režimlere wepalylygyň düşündirişini ol ýa-da beýleki şahsyýetiň töwereginde döredilen psihologiki ýagdaýdan gözlemelidigini aýdýar.

«Nyýazow şu derejä diňe gorky faktorynyň üsti bilen ýetdi. Ol halkyň gözüniň oduny aldy - diýip, Söýünow aýdýar. - Meselem, ol ata-baba goňşokaraly ýaşan adamlaryň bir goňşusyny türmeden çykaryp, beýleki goňşusy gelip, onuň arkasynda durmaz ýaly ýa gapysyny açmaz ýaly şert döretdi».

Pedagogiki ylymlaryň kandidaty Serdaryň pikirine görä, söýgi bilen gorkynyň ara tapawudy ýer bilen gök ýaly, söýgüde zorluk, sütem bolmaýar, ol meýletin we ikitaraplaýyn bolýar. «Stalin diýen ýaly wagşylary söýmeýäniň üçin ýa onuň garşysyna bir zat aýdýanyň üçin seni tohum-tijiň bilen sürgüne iberýän bolsalar, ol nähili söýgi bolýar?» diýip, Serdar soraýar.

Pedagog alymyň pikirine görä, Türkmenistanyň halkynyň gorkusy ýurduň basylyp alynmagyndan gaýdýar. «Türkmenistanda gorky Orsýet basyp alaly bäri halkyň ganyna geçdi. Sebäbi boýun egmese, Orsýet halky gyryp barýardy» diýip, Serdar aýdýar we soň bu terroryň Stalin döwründe hem dowam etdirilendigini ýatdan çykarmaly däldigini belleýär.

Gara gorkynyň netijesi ýa-da Stokgolm sindromy

Eger bu meselä ylmy nukdaýnazardan seredilse, psihologiýa ylmyndaky Stokgolm sindromyny ýatlamazlyk mümkin däl. Bu sindromyň ady 1973-nji ýylda Stokgolmda bolan bank talaňçylygyndan galýar. Şonda ýaragly talaňçylar tarapyndan zamun alnan bank işgärleri soň özlerini alty gün terror astynda saklan talaňçylaryň tarapyny tutýarlar.

Birleşen Ştatlaryň FDB-niň maglumatlaryna görä, başga birlerinden jan garaşlylygyna düşen pidalaryň 27 prosenti çemesinde Stokgolm sindromy duşýar. Psihologlar zamun alnan adamlarda bu sindromyň döreýşini zamun alyjynyň olaryň janyny alman, eýsem ömrüni bagyş etmegi bilen baglanyşdyrýarlar. Sebäbi zamun alnan zamun alyjynyň doly kontrolynda bolýar we onuň aman galmagy diňe şoňa bagly bolup görünýär. Bu işde zamunlaryň janyndan gorkusy hem daşarky dünýäden doly üzňe saklanmagy uly rol oýnaýar.

Alymlar Stokgolm sindromynyň zabun atanyň maşgalasynda terbiýelenýän çagalarda, adamsy urup-ýenjip saklaýan aýallarda, açlyk, horluk, kemsidilme şertlerinde ýaşaýan tussaglarda, döwlet terrory astyndaky adamlarda köp duşýandygyny aýdýarlar.

Pedagog Serdaryň ynanjyna görä, «Gorkup ýaşamak gaty erbet zat we oňa adamda döreýän bir topar keseliň başy diýseň-de bolar».

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG