Sepleriň elýeterliligi

Fukuşimadaky ýadro reaktorlaryna elektrik kabelleri çatyldy


Sişenbe güni ýapon inženerleri ýurduň “Fukusimo-Daiçi” atom stansiýasynyň alty ýadro reaktoryna elektrik kabellerini çatmagy başardylar.

Emma, resmileriň bellemegine görä, stansiýanyň sowadyş sistemasynyň kadaly işlemegi üçin elektrik energiýasy berilmezden öň, entek edilmeli wajyp işler bar.

Sişenbe güni stansiýanyň zeper ýeten reaktorlaryň depesinde ýene-de ak tüsse we bug peýda boldy.

Atom energiýasy boýunça halkara agentligiň baştutany Yukiya Amano “Fukusimo-Daiçi” atom stansiýaynda ýagdaýyň juda çylşyrymly bolup galýandygyny, ýöne ýeňilip geçiljegine ynanýandygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG