Sepleriň elýeterliligi

Liwiýanyň harby bazalaryna howa hüjümleri edildi


Sişenbe güni günbatarly koalision güýçler Liwiýanyň howadan goranyş sistemasyna, hökümet güýçleriniň pozisiýalaryna, harby deňiz bazalaryna we aeroportlara howa hüjümlerini amala aşyrdylar.

Şeýle-de sişenbe güni ýurduň Misurata şäherinde Muammar Kaddafiniň tarapdarlary bilen gozgalaňçylaryň arasynda hem çaknyşyklaryň bolandygy habar berilýär.

Häzire çenli halkara koalisiýanyň howa hüjümleri Muammar Kaddafiniň goşunlaryny gozgalaňçylaryň gözegçiligindäki şäherleri eýelemekden saklap gelýär.
XS
SM
MD
LG