Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan Kanadadan ýolagçy uçar satyn alar


“Türkmenhowaýollary” Döwlet milli gullugy Kanadanyň “Bombardier” kompaniýasy bilen “Challenger-870” kysymly uçary satyn almak boýunça şertnama baglaşar.

Bu kysymly uçarlar Türkmenistanyň ýolagçy gatnawy marşrutlarynda ilkinji gezek ulanylar.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň awiaparky Birleşen Ştatlardan satyn alnan “Boeing” kysymly uçarlardan ybarat.

Mundan iki ýyl ozal, “Türkmenhowaýollary” Türkmenistanyň daşary ýurda gidýän resmi delegasiýalar üçin 18 adamlyk “Challenger-605” kysymly uçary satyn alypdy.
XS
SM
MD
LG