Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystanda howpsuzlygy öz üstüne aljak regionlar belli boldy


Sişenbe güni Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaý ýerli howpsuzlyk güýçleriniň gözegçiligine geçjek regionlary belli etdi. Bu 2014-nji ýyla çenli ýurduň howpsuzlygyny dolulygyna ýerli güýçleriň kontrollygyna geçirmek boýunça planyň ilkinji ädimidir.

"Bu geçiş prosesi we hökümetiň üstünligi, hiç hili şübhesiz owgan halkynyň hakydyr. Şeýle-de biz muny owgan milletiniň bähbidi we azatlygy üçin edýäris” diýip, Hamid Karzaý sişenbe güni eden çykyşynda nygtady.

Prezident Karzaýyň aýtmagyna görä, owgan howpsuzlyk güýçleri, iýuldan başlap, ýurduň ýedi regionynyň, şol sanda Heratyň we Mazary Şarifiň gözegçiligini öz üstlerine alarlar.
XS
SM
MD
LG