Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Ysraýylyň öňki prezidenti 7 ýyl azatlykdan mahrum edildi


Ysraýylda ilkinji gezek ýurduň ýokary derejeli resmisi azatlykdan mahrum edildi.

Sişenbe güni Ysraýylyň öňki prezidenti Moşe Katsaw, aýal zorlmakda we jynsy azar bermekde aýyplanyp, ýedi ýyl türme tussaglygyna höküm edildi.

Geçen ýylyň dekabrynda Moşew Katsaw 1998-nji ýylda, ýurduň turizm ministri bolan döwründe, iki sany zorlama boýunça günäli tapyldy.

Şeýle-de ol 2000-2007-nji ýyllar aralygynda prezidentlik eden döwründe iki aýala jynsy zorluk gökezendigi üçin aýyplandy.

Katsaw bu aýyplamalar sebäpli dörän galmagallaryň netijesinde, prezidentlik möhleti gutarmagyndan iki hepde öň häkimiýetden gidipdi.

Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahu bu barada sişenbe güni şeýle diýdi: "Bu Ysraýyl döwleti üçin juda möhüm gün. Bu gynanç we utanç güni. Emma, bu şeýle-de Ysraýylyň adalat sistemasyna uly minnetdarlyk we guwanç günüdir. Sud bu karary juda ýönekeý prinsipe esaslanyp çykardy, ýagny - hiç kim kanundan üstün däldir”.
XS
SM
MD
LG