Sepleriň elýeterliligi

Ýemende üç komandir demonstrantlaryň tarapyna geçdi


Merkezi bankyň töweregine tanklar ýerleşdirildi, Sana, 21-nji mart.

Merkezi bankyň töweregine tanklar ýerleşdirildi, Sana, 21-nji mart.

Ýemende üç sany ýokary derejeli harby ýolbaşçynyň hökümete garşy demonstrantlaryň tarapyna geçmegi prezident Ali Abdullah Salehiň güýç bazasyny gowşatdy. Oppozisiýa goşulan üç harby ýolbaşçynyň içinde iň ýokary derejelisi Salehiň ýakyn ýarany, 1-nji tank diwiziýasynyň serkerdesi general Ali Mohsen al-Ahmardyr.

“Raýdaşlygymyzy yglan edýäris”

General Ali Mohsen al-Ahmar (ortada) Sana welaýatynda, 6-njy fewral, 2010-njy ýyl.
Ali Mohsen al-Ahmar duşenbe güni özüniň we öz bölüminiň oppozisiýanyň tarapyna geçendigini bildirdi: “Olaryň tarapyndan özümiziň ýaşlaryň parahatçylykly rewolýusiýasyny goldap, olar bilen raýdaşlygymyzy yglan edýäris. Biz olaryň talaplaryny goldaýarys. Biz paýtagtda özümiziň howpsuzlygy we durnuklylygy goramak wezipämizi dowam etdireris. Biziň bölümlerimiz howpsuzlyk güýçlerindäki, ýaragly güýçlerdäki doganlarymyzy goldar. Men Ýemeni bulam-bujarlykdan gorasyn diýip, Hudaýa ýalbarýaryn”.

Bu habardan soň Ýemeniň paýtagty Sanada tanklar ýerleşdirildi. Birnäçe tank ençeme hepde bäri protestçileriň goş basyp ýatan meýdançasyna geldi. Beýleki tanklar hem prezidentiň köşgüniň, Merkezi bankyň we Goranmak ministrliginiň töweregindäki pozisiýany eýeledi.

Bu tanklaryň haýsynyň oppozisiýa, haýsynyň hem Salehiň ogly Ahmediň ýolbaşçylygyndaky “Respublikan Gwardiýa” degişlidigi belli däl.

Gozgalaňçylara goşulan beýleki resmileriň biri Mohammed Ali Mohsen, beýlekisi hem Hameed al-Kusaibi. Ýemeniň ýokary derejeli taýpa başlygy Sadik al-Ahmar hem duşenbe güni özüniň oppozisiýa goşulýandygyny bildirdi. Soňky birnäçe günlükde Ýemeniň dürli ýurtlardaky, şol sanda Saud Arabystanyndaky, Iordaniýadaky we Siriýadaky ilçileri-de iş başyndan çekildiler.

Kabinet dargadyldy

General al-Ahmaryň oppozisiýa goşulmagyndan bir gün öň Saleh ençeme hepde bäri yzy üzülmän gelýän protestleri togtatmak niýeti bilen tutuş Kabinetini işden boşatdy. Bu garyp ýurtda 32 ýyl bäri höküm sürüp gelýän Saleh özüniň 2013-nji ýylda prezidentlige dalaş etmejekdigini aýdyp, ençeme syýasy reformany teklip etdi.

Ýemeniň prezidenti Ali Abdullah Saleh
Ýöne onuň gozgalaňa beren berk jogaby ýemenlileriň köpüsiniň gaharyny getirdi. Öten anna güni üýşüp, Salehiň wezipe başyndan çekilmegini talap eden protestçilere öýleriň depesinden ot açylyp, 50-den gowrak adam öldi. Bu gandöküşlikden soň Saleh bir aýlap adatdan daşary ýagdaý yglan etdi. Ýurtda hereket erkinligi çäklendirilip, polisiýanyň ygtyýarlygy güýçlendirildi.

Ýemende barýan tolgunyşyklar Günbatar ýurtlaryny aladalandyrýar. Bu ýurtlar Salehe ýerli “al-Kaýda” eýerýän we Birleşen Ştatlarda hem Saud Arabystanynda öz garşylaryna hüjümleri planlaşdyrýan toparlara garşy hereketde ýaran hökmünde garaýarlar.
XS
SM
MD
LG