Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Raul Kastro Kuba kompartýasynyň Baş sekretary bolar


Kubanyň öňki lideri Fidel Kastro Kuba Kommunistik partiýasynyň Baş sekretary wezipesinden çekilenine 5 ýyl bolandygyny aýtdy. Kastronyň şol wezipeden gidendigi mundan öň resmi habar berilmändi.

Partiýanyň Web saýtynda ol öňküleri ýaly Baş sekretar diýlip atlandyrylýardy. Kastro beýleki döwlet wezipelerini syrkawlygy sebäpli 2008-nji ýylyň başynda terk edipdi. Onuň dogany Raul Kastro ýurduň prezidenti bolupdy.

Fidel Kastronyň soňky beýannamasy Kommunistik partiýanyň gurultaýynyň öňýany ýaňlandy. Gurultaýda onuň dogany Raulyň resmi taýdan partiýa Baş sekretar saýlanmagyna garaşylýar.
XS
SM
MD
LG