Sepleriň elýeterliligi

Stambulda Eýranyň uçaryndan gadagan ýük tapyldy


Türk häkimiýetleri Stambul aeroportunda Eýranyň uçaryny barlanda, BMG-niň Eýrana garşy sanksiýasynda gadagan edilen ýüki tapdy.

Adaty barlag-gözden geçiriş wagty gadagan ýüküň tapylandygy, ekipažyň ýedi agzasynyň wagtlaýynça saklanandygy Türkiýäniň DIM-niň habarynda bellenýär.

Ýük ellerinden alnandan soň uçara Türkiýeden uçup gitmäge rugsat edildi.

Saklanan ýük barada anyk maglumat berilmese-de, ol ýaragdyr diýen çaklamalar peýda boldy.
XS
SM
MD
LG