Sepleriň elýeterliligi

Ýaponiýa: ýadro reaktorlarynda elektrik işläp çykarmak ýola goýuldy


“Fukusimo-Daiçi” ýadro stansiýasynyň işgärleri alty reaktorda-da elektrik işläp çykarmagy ýola goýdular.

Ýer titremede we harasatda uly zyýan eten 3-nji ýadro reaktorynda elektrik energiýasynyň berilmegini pult arkaly dolandyrmak dikeldildi.

Indi spesialistler 3-nji reaktoryň sowadyş sistemasyny tiz wagtda dikeltmäge umyt baglaýarlar.

Halkara atom energiýasy guramasy ýadro stansiýasynda ýagdaýyň gowulaşandygyna garamazdan, onuň çylşyrymly bolup galýandygyny aýdýar.

HAEG-niň baş direktorynyň geňeşçisi Grem Endrýu şeýle diýdi: “Işlenen ýadro ýangyjynyň saklanýan gaplarynyň, ylaýta-da dördünji blokdakysynyň ýagdaýy uly alada döredýär. Biz birnäçe wagtyň dowamynda barlanan informasiýa alyp bilmedik. Şonuň üçin hem hakyky ýagdaýy doly göz öňüne getirip bilmeýäris”.
XS
SM
MD
LG