Sepleriň elýeterliligi

Gaza sektorynda dört palestinli heläk boldy


Ysraýylyň oka tutmagy netijesinde Gaza sektorynda dört palestinli heläk boldy.

Ölenleriň üçüsiniň çagalardygyny, ýene 13 adamyň ýaralanandygyny Palestinanyň häkimiýetleri habar berdi.

Ysraýyl harbylary Gaza şäheriniň gündogar eteklerini minomýot okuna tutandyklaryny tassyklady, Ysraýylyň territoriýasyna palestinliler dört raketa atandan soň, oňa jogap hökmünde bu işiň edilendigini öňe sürdüler.

Ysraýyl parahat ýaşaýjylaryň okuň aşagyna düşmegine gynanç bildirdi.
XS
SM
MD
LG