Sepleriň elýeterliligi

Liwiýada halkara güýçler zarba urmagy dowam etdirýär


Koalisiýa ýurtlarynyň we Arap Ligasy döwletleriniň daşary işler ministrlikleriniň “ýolbaşçy syýasy organyny döretmäge” Fransiýa bilen Beýik Britaniýanyň ylalaşandygyny Fransiýanyň daşary işler ministri Alen Žýupen sişenbe güni parlamentçilere habar berdi.

Şol gün NATO-nyň Baş sekretary Anders Fog Rasmussen ýaranlyga agza 28 döwletiň Liwiýa ýarag getirmäge girizilen gadaganlygy üpjün etmäge taýýardygyny aýtdy.

Liwiýada halkara güýçler dört gün bäri Liwiýanyň howa hüjümlerinden goranyş obýektlerine, deňiz bazalaryna, aeroportlaryna, Kaddafiniň goşunlarynyň pozisiýalaryna zarba urýar.

Kaddafi öz garşydaşlaryndan üstün çykmaga söz berdi. Onuň sözlerine görä, günbatar koalisiýasy tarapyndan urulýan zarbalar netijesiz.

“Iň güýçli howadan goranyş - bu adamlar” diýip, Kaddafi döwlet telewideniýesi arkaly görkezilen çykyşynda aýtdy.

Kaddafä wepaly goşunlar öňküleri ýaly gozgalaňçylar bilen gazaply söweş alyp barýarlar. Misurata we Ajdabiýa şäherlerinde gandöküşikli çaknyşyklaryň barýandygy habar berilýär.

Günbatar güýçleri Liwiýa operasýasynda esasy ýolbaşçylyk roly NATO degişli bomaly diýip, hasap edýärler.
XS
SM
MD
LG