Sepleriň elýeterliligi

Kaddafininiň harbylary Misurata şäherine hüjüm edýär


Liwiýanyň Misurata şäherinde Kaddafä wepaly goşunyň düzümindäki mergenler we tanklar ilaty terrora sezewar edýär.

“Associated Press” agentliginiň maglumatyna görä, hökümet güýçleriniň hereketlerine jogap hökmünde “islendik serişdäni ulanmak” mümkinçiligine amerikan komandowaniýesi seredýär.

Misuratanyň ilatynyň elektriksiz ýaşaýandygy, azygyň hem suwuň ýiti ýetmezçilik edýändigi barasynda maglumatlar bar.

Tripoliden 200 kilometr günorta-gündogarda ýerleşýän bu şäher gozgalaňçylaryň Liwiýanyň günbatar bölegindäki soňky daýanç nokadydyr.
XS
SM
MD
LG