Sepleriň elýeterliligi

Çagalar baglary ýeterlik däl


Oba ýerleri, hatda bir näçe etrap merkezleri hem çagalar üçin ýasli-baglaryna mätäç.

Oba ýerleri, hatda bir näçe etrap merkezleri hem çagalar üçin ýasli-baglaryna mätäç.

Türkmenistanyň prezidentiniň “Obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin” Milli Maksatnamasyna laýyklykda ýurduň sebitlerinde alnyp barylýan gurluşyklar, edilýän işler sanardan köp. Gurluşyklar esasan welaýat merkezlerinde alnyp barylýar. Gurluşyklaryň sanawyna administratiw jaýlar, tekstil fabrikleri hem girýär.

Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynyň ozalky miweçilik sowhozynyň ýaşaýjysy Ogulnaryň aýtmagyna görä, geçen asyryň 89-90-njy ýyllarynda obany özgertmek maksady bilen Moskwanyň gurluşyk we arhitektura institutlarynyň birinden ýörite arhitektor çagyrylyp, obanyň arhitekturasy çyzga geçirilipdir. Şol çyzgyda her bir hojalygyň mellek ýeri, mekdebiň, keselhananyň, çagalar ýasli-baglarynyň, klubuň, kitaphananyň, medeniýet öýüniň, dermanhananyň ýerleşmeli ýerleri takyk görkezilip, munuň üçin ýörite ýerler ölçelip taýyn edilipdir. Emma gurluşyklara başlanmanka Soýuz dargap, bu proýektler durmuşa geçmän galypdyr.

1992-nji ýylda Türkmenistan Garaşsyzlygyny alandan soň, oba ýaşaýjylaryna mellek ýerlerini bermek barada görkezme berilmegi bilen, çyzga geçirilen mellek ýerleri artykmajy bilen ilata paýlanyp berlipdir. Medeni maksatlar üçin niýetlenen meýdançalar bolsa obanyň ortasynda birnäçe ýyllar bäri boş durupdyr. Döwlet tarapyndan ünsden düşürilen ýasli-baglaryň, klublaryň, kitaphanalaryň ýapylmagy bilen olaryň jaýlary oba ýaşaýjylaryna satylyp, hökümet edaralaryna niýetlenen desgalar hojalyk jaýlaryna öwrülipdir. Täze binalaryň gurluşygy barada hiç bir meýilnama bolmansoň, oba arçynlary medeni ojaklaryň gurluşygy üçin niýetlenen boş ýerleri hem oba ýaşaýjylaryna satyp ugrapdyrlar. Ummasyz çykdajy çykarylyp taýynlanan arhitektura çyzgysynyň bolsa nirä düşeni hem belli däl.

Häzir obada 600 orunlyk mekdepde 1500 çaga okaýar, ýasli-baglar ýok. Meýdanlarda zähmet çekýän eneler öz çagalaryny öýde, hiç bir gözegçiliksiz goýup gitmeli bolýarlar, käte bolsa ýanlary bilen ekin meýdanlaryna alyp gidýärler. Pagtanyň kölegesinde çagasyny ýatyryp, pagta ýygýan zenanlar az däl, eneleriň kösençligini hiç zat bilen deňär ýaly däl. Obalarda gurluşyklaryň haçan başlanyp, haçan gutaryp, haçan enelere hözir berjegini hiç kim bilenok.

Welaýatyň Sakarçäge etrabyndan öý hojalykçy Oraztäç bolsa öz obalarynyň zenanlarynyň çagalaryny 8-9 kilometrlik ýol geçip, etrap merkezindäki çagalar baglaryna ýerleşdirýändiklerini gürrüň berýär. Onuň aýtmagyna görä, eneler öz çagalarynyň aň-düşünjesiniň ösmegini, gözýetiminiň giňemegini, jemgyýetiň terbiýesini almagyny, okuwa taýýarlykly barmagyny isleýärler. Oba ýerlerinde eneler bu mümkinçiliklerden doly mahrum bolanlygy üçin ýörite awtobuslary kireýine tutup, öz çagalaryny her gün etrap merkezindäki ýasli-baglara ugradýarlar.

Şeýle eneleriň sanawynda köp çagaly, ýekelli eneler hem bar. Olara öýde çagalara seretmek ýeňil düşmänsoň, çagalaryny etrap merkezindäki çagalar baglaryna ugradýarlar. Ýöne welin, beýle mümkinçilik hem ähli hojalyklara başardyp duranok. Bir ýandan maddy ýetmezçilik, ikinji bir tarapdan bolsa ähli oba çagalaryny kabul etmäge şäherleriň, etrap merkezleriniň çagalar baglarynyň mümkinçiligi-de ýok. Bu ýerde hem çagany tanyş-biliş bilen ýerleşdirmeli bolýar.

Ýurtda gurluşyk ugrunda edilýän işler az däl. Alnyp barylýan gurluşyklaryň möhümligini hem biri-birinden yza goýar ýaly däl. Ýöne welin, oba ýerleri, hatda bir näçe etrap merkezleri hem çagalar üçin ýasli-baglaryna mätäç. Bu ugurdan köp gürrüň edilse-de, bitirilýän anyk iş ýok. Eneler diňe umydigär bolup ýaşaýarlar, kyn şertlerde çaga ösdürip ýetişdirýärler. Ozalky satylan çagalar baglarynyň yzyna gaýtarylyp alynmagy barada mesele gozgalsa-da bolman durmajakdygy hakda eneler gürrüň berýärler.

Soltan Açylowa Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçysy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG