Sepleriň elýeterliligi

Ukrainanyň öňki prezidenti Leonid Kuçmanyň garşysyna jenaýat işi gozgaldy


Ukrainanyň öňki prezidenti Leonid Kuçma Baş prokuraturada, Kiýew, 23-nji mart 2011-nji ýyl.

Ukrainanyň öňki prezidenti Leonid Kuçma Baş prokuraturada, Kiýew, 23-nji mart 2011-nji ýyl.

Ukrainanyň prokurorlary 2000-nji ýylda bir oppozision žurnalistiň öldürilmegi bilen baglylykda öňki prezident Leonid Kuçmanyň garşysyna resmi taýdan jenaýat işini gozgadylar. Indi Georgiý Gongadzäniň pajygaly ölümi baradaky syryň üsti açylyp, jenaýatçylar sud öňünde dikiler diýlip, umyt edilýär.

Bu habary sişenbe güni Kiýewde geçen metbugat ýygnagynda Baş prokuroryň birinji orunbasary Renat Kuzmin halka ýetirdi. Kuzmin: “Men Leonid Kuçmanyň garşysyna jenaýat derňewiniň ýola goýlandygyny tassyklaýaryn. Ol öz wezipesinden galp peýdalanyp, Içeri işler ministrliginiň işgärlerine bikanun buýruklary berenlikde güman edilýär. Bu buýruklar bir žurnalistiň öldürilmegine getiripdir” diýdi.

Kuzmin şeýle-de derňewçileriň derňew işlerini basym tamamlaryna garaşylýandygyny, Kuçma hem Ukrainadan çykmaklygyň gadagan edilendigini bildirdi.

Žurnalistiň kellesi kesildi


Kuçma gaty tankydy garaýan internet gazeti “Ukrainska prawdanyň” eýesi Gongadze 2000-nji ýylyň sentýabrynda Kiýewde ogurlandy. Onuň kellesi kesilip, ýakylan jesedi bir aý ýarymdan soň ukrain paýtagtynyň golaýyndaky tokaýlykdan tapyldy.

“Ukrainska prawdanyň” eýesi Gongadze 2000-nji ýylyň sentýabrynda öldürildi.
72 ýaşly Kuçma özüniň bu işde eliniň bolandygyny birsyhly inkär edip geldi. Ýöne bir magnitofon ýazgysynda Kuçmanyň sesine meňzeş bir ses döwlet işgärlerine oppozision žurnalistiň “işiniň bitirilmegini” buýurýar.

Baş prokuroryň orunbasary hakykylygy tassyklanmadyk bu ýazgylaryň indi ygtybarly subutnama diýip ykrar edilendigini aýtdy.

Kuçmanyň garşysyna sud işiniň gozgalmagy 10 ýyldan gowrak bäri onuň suda çekilmegini talap edip gelýän garşydaşlary üçin ýeňiş hasaplanýar.

Media gözegçisi “Serhetsiz reportýorlar” derňewi gutlady. Ýöne merkezi Parižde ýerleşýän bu toparyň işgäri Johan Bihriň pikiriçe, begenerden entek ir: “Beýleki ýokary derejeli resmiler hem aýyplanýarmy, biziň şony göresimiz gelýär. Sebäbi bu işde ady agzalýan ýeke Kuçma däl. Bu iş ençeme gezek dogry ýola düşüp, ýene yza gaýtdy. Biz bu karary gutlaýarys, ýöne ony üns bilen yzarlarys. Entek dabara etmäliň, sebäbi iş munuň bilen tamamlananok”.

General boýun aldy


Gongadzäniň aýalynyň adwokaty Walentina Teliçenko derňewiň bu işe aýdyňlyk getirjegine ynananok. Ol: “Öňki polisiýa generaly Oleksiý Pukaç tutulyp, häkimiýetleriň aýtmagyna görä, Gongadzäni bogup, kellesini kesendigini iki ýyl mundan ozal boýun aldy, Kuçma barada derňew şonda geçmelidi” diýýär.

“Mende Kuçmanyň garşysyna gozgalýan jenaýat işi barada oňaýly duýgy ýok. Bu iş Pukaç 2009-njy ýylyň iýulynda tutulansoň bolmalydy. Ol Kuçma bilen beýleki ýokary derejeli resmileriň adyny şonda aýtdy. Ondan bäri köp wagt geçdi” diýip, Teliçenko aýdýar.

Pukaç häzir sud prosesine garaşýar. Gongadzäniň ölüminde rol oýnandygy sebäpli Içeri işler ministrliginiň ýene iki işgäri türmede otyr.

Öten ýyl prokurorlar buýruk beren adam diýip, öňki içeri işler ministri Ýuriý Krawçenkonyň adyny berdiler. Krawçenkonyň 2005-nji ýylda Kiýewiň golaýyndaky daçasyndan jesedi tapyldy. Resmi taýdan aýdylmagyna görä, ol öz janyna kast edipdir.
XS
SM
MD
LG