Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Liwiýa boýunça halka koalisiýanyň ýolbaşçylygy üýtgär


Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obamanyň aýtmagyna görä, Liwiýanyň dolandyryjysy Muammar Kaddafiniň güýçlerine garşy alnyp barylýan howa hüjümleriniň ýolbaşçylygy ýakyn günleriň dowamynda Waşingtonyň ýaranlaryna geçirler.

"Biz Liwiýa halkyny goramak ugrunda öz tagallalarymyzy dowam etdireris, emma biz bu çärä baştutanlyk etmeris” diýip, prezident Obama çykyş etdi.

NATO-nyň resmileriniň bellemegine görä, çarşenbe güni ýaranlygyň harby gämileri Liwiýanyň deňiz ýakalaryna gözegçilik edip başlarlar. Bu Liwiýa garşy girizilen ýarag embargosyna kontrollyk etmek üçin geçirilýär.

Žurnalistleriň aýtmagyna görä, çarşenbe güni paýtgt Tripolide partlamalaryň sesi eşidilipdir.

Muammar Kaddafi ýerli telewideniýede çykyş edip, ähli musulmanlary "haçly ýörişe garşy söweşmäge" çagyrdy.

Şeýle-de Kaddafiniň tarapdalary bilen garşydaşlarynyň arasynda ýurduň Misurata, Zintan we Ýafran şäherlerinde çaknyşyklaryň bolandygy habar berilýär.
XS
SM
MD
LG