Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranda bir ýylda 1,250 adam syýasy äheň bilen tussag edilipdir


Soňky 12 aýyň dowamynda Eýranda protestlere gatnaşany ýa-da syýasy garaýyşlary üçin 1,250 töweregi adam tussag edildi. Bu barada ýurduň daşynda ýerleşýän “Eýranyň adam hukuklary öýi” atly guramanyň ýaýradan hasabatynda aýdylýar.

Bu guramanyň wekiliniň Azatlyk Radiosynyň Eýran gullugyna aýtmagyna görä, tussag edilenleriň arasynda 85 student, dini azlyklaryň 165 agzasy, 129 syýasy aktiwist, 129 kürt aktiwisti, 43 žurnalist we blogger, 40 türkmen aktiwisti, 22 iş aktiwisti, 20 adam hukuklary boýunça aktiwist, 8 aýal hukuklary boýunça aktiwist we 8 arap aktiwistleri bar.

Tussag edilenleriň aglabasy Tähranda saklanypdy.
XS
SM
MD
LG