Sepleriň elýeterliligi

Pakistandaky partlamalarda bir adam öldi, 11-si ýaralandy


Çarşenbe güni Pakistanyň demirgazyk-günbatar sebitlerinde dörän partlamalarda azyndan bir adam öldi, başga-da 11 adam ýaralandy.

Peşewar şäheriniň eteklerinde eşek-arabanyň partlamagy sebäpli bir adam öldi.

Ýene-de bir partlama Haýber-Pahtunhwa welaýatynyň Hangu şäheriniň golaýynda amala aşyryldy. Bu partlamanyň nyşanasy polisiýanyň nobatçy ulagy boldy. Bu hadysada dokuz polisiýa işgäri we başga-da iki raýat ýaralandy.

Häzire çenli bu hüjümleriň jogapkärçiligini hiç kim öz üstüne almady.
XS
SM
MD
LG