Sepleriň elýeterliligi

Karzaý Talybany ýaraşyk gepleşiklerine başlamaga çagyrdy


Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaý nobatdaky gezek Talybany ýaraşyk gepleşiklerine başlamaga çagyrdy.

Çarşenbe güni prezident Karzaý Kabuldaky Amani mekdebinde çykyş etdi. Ol owgan jemgyýetini täzeden gurmak üçin ylym-bilimiň juda möhümdigini nygtady.

Şeýle-de Karzaý owgan halkynyň Talybanyň hüjümlerinden we bombalaryndan gorkmaýandygyny sözüne goşdy.

Soňky hepdeleriň dowamynda Owganystanyň hökümeti we onuň halkara hyzmatdaşlary Talyban bilen ýaraşyk gepleşiklerine başlamaga çagyryş edip gelýärler. Emma Talybanyň bu çagyryşlara goşulmak meselesi häzirlikçe näbelli bolup dur.
XS
SM
MD
LG