Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Liwiýa boýunça Putin bilen Medwedewiň “meňzeş garaýyşlary” bar


Orsýetiň premýer-ministri Wladimir Putiniň bellemegine görä, Liwiýa meselesi boýunça onuň we prezident Dmitriý Medwedewiň “meňeş garaýyşlary” bar.

Duşenbe güni Putiniň Liwiýa garşy harby operasiýa çagyryşlaryny haçly ýörişler bilen deňeşdirmegini prezident Medwedew ýazgaryp çykyş edipdi.

Premýer-ministr Putiniň aýtmagyna görä, muny diýmek bilen prezident Medwedew Orsýetiň resmi pozisiýasyny beýan edipdir.

"Liwiýada ýüz berýän wakalar boýunça Orsýetiň resmileriniň umumylygy ýa-da agzalalygy barada aýdylanda, Orsýetiň daşary syýasatyny ýurduň prezidenti kesgitleýär. Şeýle-de bärde hiç-hili pikir aýratynlygy bolup bilmez” diýip, Putin nygtady.

Mundan öň, Putiniň metbugat-wekili Dmitriý Peskowyň bellemegine görä, premýer-ministriň BMG-iň rezolýusiýasy boýunça eden bellikleri diňe onuň öz şahsy pikiri bolupdyr.
XS
SM
MD
LG