Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Halkara güýçler Liwiýanyň harby obýektlerine zarba urýar


Halkara koalision güýçler Liwiýanyň harby obýektlerine, Muammar Kaddafiniň goşunlarynyň pozisiýalaryna zarbalar urýar.

Öten agşam koalision güýçler Tripoliniň etegindäki ençeme obýekti , şeýle-de Misurata şäheriniň golaýyndaky Kaddafiniň goşunlarynyň bronotehnikalaryny bombalady.

Ýurduň paýtagtyndan günortadaky Jafar hem uly harby baza ýerleşýän Tajur şäherlerinde ýaşaýyş kwartallarynyň bombalanandygyny Liwiýanyň döwlet telewildeniýesi habar berdi. Bu informasiýa garaşsyz tassyklama ýok.

Koalision güýçleriň urýan zarbalaryna garamazdan, hökümet güýçleri düýn Misurata şäherinde gozgalaňçylaryň pozisiýalaryna hüjümini dowam etdirdi.

Brýusselde NATO agza ýurtlaryň wekilleri Liwiýadaky operasiýa ýolbaşçylyk Demirgazyk Atlantik ýaranlygyna geçmeli diýen mesele boýunça häzirlikçe ylalaşyga gelip bilmedi.

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Hillary Klinton liwiýa ýolbaşçylaryndan nähili ädimlere garaşýandygy barasynda düýn şeýle diýdi: “Kaddafi hem onuň ýakyn töweregi indiki ädimleriniň nähili bolmalydygyny kesgitlemeli. Eger olar dogry karara gelse, biz olary gep-gürrüňsiz goldarys. Şol dogry karar - diňe bir ählumumy ok atyşygy ýatyrmak däl, şäherlerden goşunlaryň çykarylmagydyr, harby hereketleri tamamlap, geçiş döwrüne taýýarlyk görmekdir, ýöne onda polkownik Kaddafä orun bolmaly däldir”.
XS
SM
MD
LG